Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

  • şu gün 13:14
  • 223

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar.

Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi.
Aşa Şarma kim? Ol mundan ozal emeli aňyň (AI) ösmegine jogapkär bolan CoreAI bölüminiň önüm boýunça direktorydy. Onuň bellenilmegi Xbox-yň geljeginde emeli aňyň möhüm orun tutjakdygyny görkezýär.
Şeýle hem Xbox-yň prezidenti Sara Bond hem kompaniýadan gidýär. Onuň ornuna Xbox Game Studios-yň öňki ýolbaşçysy Mett Buti mazmun boýunça täze ýolbaşçy bellenildi.
Fil Spenser (58 ýaşynda) Microsoft-daky ýoluna 1988-nji ýylda stažýor hökmünde başlapdy. Ol 2001-nji ýyldan bäri oýun bölüminde işläp, Xbox-y dünýäniň iň iri brendleriniň birine öwürdi.
Spenseriň ýolbaşçylygynda Microsoft ZeniMax Media-ny ($7,57 mlrd) we Activision Blizzard-y ($68,7 mlrd) satyn alyp, taryhda iň uly söwdalaryny amala aşyrdy.
Spenser wezipe borçlaryny bökdençsiz tabşyrmak üçin tomsuň ahyryna çenli Aşa Şarmanyň geňeşçisi bolup işini dowam eder.
Aşa Şarma işgärlere iberen hatynda Xbox-yň täze strategik ugruny şeýle kesgitledi:

"Biz diňe ýokary hilli oýunlary döretmek bilen çäklenmän, wideo oýunlara täzeçe serederis. Bu ýerde emeli aňyň (AI) ulanylmagy we täze biznes modelleriniň girizilmegi esasy orunda durar".

Şarma şeýle hem gysga wagtlaýyn peýdanyň däl-de, uzak möhletleýin ösüşiň tarapdarydygyny nygtady.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...