Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi.
Täze täzelenme bilen ulanyjylar paneli ekranyň - ýokarsynda, çepinde, sagynda ýerleşdirip bilerler.
Häzirki wagtda işläp düzüjiler ähli düwmeleriň we penjireleriň täze ýerlerde dogry işlemegini üpjün etmek, şeýle hem paneliň ölçegini üýtgetmek funksiýasynyň üstünde işleýärler. Eger bökdençlik bolmasa, bu täzelenme şu ýylyň tomsunda ulanyjylara ýetiriler.
Kompaniýa Microsoft Store üçin täze buýruk setiri interfeýsini (CLI) tanyşdyrdy. Indi programma üpjünçiliklerini dükany açmazdan, göni terminal (PowerShell/CMD) arkaly dolandyryp bolar:
Programmalary kategoriýalar we meşhurlyk boýunça tapmak üçin store browse-apps buýrugy ulanylar. Bir buýruk bilen programmany gurnamak üçin store install buýrugy hyzmat eder. Bu gural diňe Microsoft Store işläp duran Windows enjamlarynda elýeterli bolar.
Partner Center gurallary hem täzelendi: "Ýagdaý" we "Jemleme" hasabatlary indi programmalaryň durnuklylygy we öndürijiligi barada has giňişleýin maglumat berýär.
Ulanyjy aktiwliginiň üýtgemegi we programmanyň işindäki adatdan daşary ýagdaýlar barada awtomatiki duýduryşlar goşuldy.
Web-gurnawçy indi Win32 programmalaryny awtomatiki işledip bilýär, täze nyşan (icon) redaktory bolsa resmi ikonlary çap etmegi ýeňilleşdirýär.
