Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

  • 17.03.2026 20:39
  • 840

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer.

Bu hyzmat lukmançylyk ýazgylaryny we dakynylýan enjamlardan (smart-sagatlar we ş.m.) alnan maglumatlary birleşdirýär. Bu bolsa dürli alamatlaryň we ýagdaýlaryň, meselem, ukynyň bozulmagynyň arasyndaky baglanyşyklary gözlemäge mümkinçilik berýär.

Microsoft 50 sany ýurtda lukmançylyk guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Milli lukmançylyk akademiýasynyň sertifikatyny aldy. Kompaniýanyň maglumatyna görä, bularyň hemmesi berilýän maslahatlaryň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmeli.

Copilot Health, şeýle-de, ulanyja laýyk lukmany tapmaga kömek etmek üçin ABŞ-nyň lukmançylyk maglumatlar bazalaryna birigip biler.

Kompaniýa lukmançylyk maglumatlarynyň esasy Copilot hyzmatyndan aýratyn saklanýandygyny we pudaklaýyn standartlara laýyklykda goraglydygyny takyklady. Ulanyjy haýsy maglumatlary we kime bermelidigini özi çözüp biler.

Mundan başga-da, Copilot Health ISO/IEC 42001 — emeli aň dolandyryş ulgamlary üçin ilkinji halkara standartynyň sertifikatyny aldy. Bu sertifikat garaşsyz guramanyň hyzmaty dolandyryş ulgamyny barlagdan geçirendigini tassyklaýar.

Hyzmaty synagdan geçirmek isleýänler Microsoft-yň sahypasynda garaşma sanawyna ýazylyp bilerler.


şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 11:02
1.7k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......