Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

  • 09.02.2026 15:19
  • 1.5k+

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar.

​Kompaniýanyň resmi goldaw sahypasynda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwaryndan başlap, Windows indi bu wersiýaly draýwerler bilen işlemez. Şeýle draýwerler eýýäm 2023-nji ýylyň sentýabrynda könelen diýlip ykrar edilipdi, şondan soň hyzmatdaşlara we ulanyjylara üýtgeşmelere taýýarlanmak üçin wagt berlipdi.
​Microsoft köne draýwerlerden ýüz öwürmegiň ulanyjylaryň köpüsine täsir etmejekdigini belleýär. Bazardaky printerleriň agramly bölegi eýýäm draýwerleriň has döwrebap arhitekturasyny ulanýarlar we olar hiç hili çäklendirmesiz işlemegini dowam ederler.
​Şol bir wagtyň özünde, häli-şindi köne printer modellerini ulanýan edara-kärhanalarda kynçylyklaryň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle tehnika köplenç könelen kompýuterler bilen bilelikde ulanylýar, ýöne elmydama beýle däl. Köne printer döwrebap Windows 11 ulgamly kompýutere birikdirilen ýagdaýynda, täzelenme gurnalandan soň çap etmek bilen bagly meseleler ýüze çykyp biler.


19.05.2026 12:17
3.9k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
811

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...