Mikelanjelonyň nämälim 20 eseriniň tapylandygy mälim edildi

  • 24.02.2026 09:11
  • 2.4k+

Italiýada meşhur heýkeltaraş Mikelanjelo Buonarrotiniň öň näbelli bolan 20 sany işi ýüze çykaryldy. Erkin sungat taryhçysy Walentina Salernonyň geçiren barlaglarynyň netijesinde bu eserleriň asyl nusgadygy tassyklanyldy diýip, Il Messaggero neşiri habar berýär.

Salerno özüniň  «Mikelanjelo: soňky günler» atly işinde Italiýadaky we daşary ýurtlardaky onlarça arhiw resminamalaryny öwrenmek arkaly ägirdiň ömrüniň soňky ýyllaryny gaýtadan dikeltdi. Onuň netijelerine görä, Mikelanjelo öň çaklanylyşy ýaly, Rimdäki öýünde saklanan ýüzlerçe çyzgylaryny we heýkellerini ýok etmän, eýsem şägirtlerine we ýakynlaryna olary gizlin ýerde saklamagy tabşyrypdyr. Tapylan resminamalaryň birinde olaryň gizlenen we birnäçe açar ulgamy bolan otag barada agzalýar. Ýöne häzirki wagtda şol otag boş dur.
«Döwlet arhiwinde we Watikanda saklanýan 500 ýyllyk resminamalary öwrenmek we deňeşdirmek arkaly, Galkynyş döwrüniň ussat heýkeltaraşyna degişli azyndan ýigrimi sany täze eseriň asyl nusgadygyny tassyklaýan taryhy zynjyry yzarlamak başartdy» diýip, makalada bellenilýär. Bu barlagy Keramatly Syryň Lateran kanonikler-regulýarlar Ordeni we professor Mikele Rak, şeýle-de, halkara ylmy komitetini döreden Keramatly Pýotr ybadathanasynyň kardinal-arhipreswiteri Mauro Gambetti hem goldady.
Şol bir wagtyň özünde, Italiýanyň Finestre sull'Arte neşiri bu makala tankydy syn ýazyp, alymyň netijelerine şübhe bildirdi. Tankyt, Salernonyň anyk eserleriň adyny tutmaýandygyna we şol 20 işiň takyk sanawynyň ýokdugyna, şeýle-de onuň tapan resminamalarynyň beýleki barlagçylara öňdenem mälimdigine esaslanýar. Neşir resminamalaryň beýle görnüşde düşündirilmeginiň jedel döredip biljekdigini nygtaýar.
Gürrüň häzirki wagtda muzeýlerde, buthanalarda we hususy toplumlarda bar bolan, ýöne öň Mikelanjelonyňky hökmünde doly kesgitlenmedik eserler barada gidýär.


07.06.2026 20:06
3.2k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

04.06.2026 17:17
5.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......