Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

  • 09.05.2026 13:34
  • 2k+

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar.

«Bu eserler kime degişli?» diýlip atlandyrylýan sergide Pýer Ogýust Renuar, Edgar Dega, Ežen Buden ýaly XIX–XX asyrlaryň meşhur suratkeşleriniň işleri görkezilýär.

Görkezilýän gymmatlyklaryň bir bölegi «Musées Nationaux Récupération» (MNR) maksatnamasyna degişlidir. Bular uruşdan soň Fransiýa gaýtarylyp getirilen, emma kanuny eýelerine ýa-da olaryň nesillerine gowşurylyp bilinmedik eserlerdir. Häzirki wagtda fransuz muzeýlerinde şeýle eserleriň 225-e golaýy saklanylýar.

Taryhçylaryň maglumatyna görä, basyp alyş döwründe 100 müňe golaý medeni gymmatlyk ogurlanypdyr. Uruşdan soň olaryň 60 müňe golaýyny yzyna gaýtarmak başartdy, emma galanlarynyň ykbaly entegem näbelliligine galýar.

Muzeý wekilleri eserleriň asyl eýelerini gözlemek işiniň, urşuň gutaranyna 80 ýyldan gowrak wagt geçse-de, häzirler hem dowam edýändigini aýdýarlar. Gözleglerde sanly arhiwler, internet çeşmeleri we emeli aň tehnologiýalary ulanylýar. Şeýle-de Fransiýada bu eserleriň mirasdüşerleri bolaýmagy ähtimal bolan adamlar bilen bagly 30-a golaý kazyýet işine seredilýär.

Serginiň iň täsirli eksponatlarynyň biri Edgar Deganyň «Agşam naharly bal» atly eseridir. Barlagçylar onuň eýesiniň Oswensim konslagerine iberilendigini, şondan soň eseriň dereksiz ýitendigini anykladylar. Soňra ol birnäçe gezek elden-ele geçip, ahyry nemes kolleksiýalarynyň birinden tapylypdyr.


25.06.2026 19:11
5.8k+

24-nji iýun Fransiýada howa gözegcilikleriň taryhynda iň yssy gün boldy

24-nji iýunda Fransiýada howanyň iň ýokary ortaça temperaturasy hasaba alyndy. Le Parisien neşiriniň habaryna görä, ýurt boýunça ortaça temperatura 30 gradusa ýetdi....

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 10:39
6.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......