Şakiranyň Rio-de-Žaneýrodaky mugt konsertine 2 million tomaşaçy ýygnandy

  • 04.05.2026 19:45
  • 7.2k+

2-nji maýda Şakiranyň Rio-de-Žaneýronyň meşhur Kopakabana kenarynda geçiren mugt konsertine 2 million tomaşaçy jemlendi. Gatnaşanlaryň sany baradaky maglumatlary şäheriň häkimi tassyklady. Bu çykyş aýdymçynyň döredijilik ýolundaky iň uly göwrümli çäre boldy.

Maksatnamanyň başlanmagy bir sagatdan gowrak wagt gijikdirilse-de, şüweleň diýseň täsirli pursat bilen başlandy: çägäniň üstündäki asmanda dronlar arkaly portugal dilinde «Men seni söýýärin, Braziliýa» diýen ýazgy peýda boldy. Tomaşaçylar bu pursaty şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Çykyşyň dowamynda Şakira diňleýjilerine özüniň şahsy ýatlamalary bilen ýüzlendi:

«Men bu ýere 18 ýaşymda, siziň üçin aýdym aýtmagy arzuw edip gelipdim. Indi bolsa muňa serediň. Durmuş — bu jady» diýip, aýdymçy belledi.

Iki sagatlap dowam eden konsert aýdymçynyň «Hips Don't Lie», «La Tortura», «La Bicicleta», «She Wolf» we «Waka» ýaly dünýä belli aýdymlaryny, şeýle hem Bizarrap bilen bilelikdäki seslenmesini öz içine aldy.

Sahnada Şakira bilen bilelikde ýörite myhmanlar: Anitta («Choka» aýdymy üçin), Kaetanu Welozu we Iweti Sangalu dagy çykyş etdiler.

Çäräniň barşynda artist konsertden birnäçe gün öň gurnama işleri wagtynda aradan çykan ýerli işçi Gabriel de Žezus Firminunyň ýadygärligini hatyralady. Şakira onuň maşgalasyna we kärdeşlerine çuňňur gynanç bildirdi.


28.05.2026 12:25
1.7k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

28.05.2026 10:55
662

Spotify-da indi ony ulanan tutuş döwrüň diňleme statistikasyny görüp bolýar

Spotify striming hyzmaty platformanyň 20 ýyllygy mynasybetli «Your Party of the Year(s)» atly täze funksiýasyny hödürledi. Ol ulanyjylara öz akkauntlaryny açyp, ulanan tutuş döwri üçin şahsy statistikalary......

27.05.2026 21:24
7.5k+

DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň......

27.05.2026 15:32
2.6k+

Argentinaly suratkeş reňkini üýtgedýän eserleri bilen meşhurlyk gazandy

Argentinaly suratkeş Gwido Llordi serediş burçuna we ýagtylyga görä reňkini üýtgedýän suratlary bilen uly meşhurlyk gazandy....