DÇ-2026-nyň finalynyň arakesmesinde Madonna, Şakira we BTS çykyş eder

  • 27.05.2026 21:24
  • 8k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygynda taryhda ilkinji gezek Halftime Show (arakesme şüweleňi) geçirmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Şüweleňiň hedlaýnerleri Madonna, Şakira we BTS bolar. Gurama bu barada X sosial ulgamynda habar berdi.

Ony guramak we oňa gözegçilik etmek işi bilen «Coldplay» toparynyň solisti Kris Martin meşgullanýar. Toparyň X-däki akkauntynda konserte gatnaşyjylar «Sezam köçesi» tele-şüweleňiniň gahrymanlary bilen bilelikde tanyşdyryldy.

Halftime Show — sport çäresiniň taýmlarynyň arasyndaky arakesmede guralýan çykyşdyr. Şeýle format iri ýaryşlarda, şol sanda ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň finaly bolan «Superboulyň» arakesmesinde giňden ulanylýar.

Bu konsert çagalaryň bilime we futbola bolan elýeterliligini giňeltmek üçin 100 million dollar toplamagy meýilleşdirýän FIFA Global Citizen bilim gaznasyny goldamak maksady bilen guralýar. Dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan her bir petekden bir dollar bu gazna geçiriler.

Mundan ozal hem FIFA oýunlaryň arakesmelerinde aýdym-sazly çykyşlary synag edip görüpdi. 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynda Doja Cat, Tems we J Balvin dagy çykyş etdi.


15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:06
7.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....