Spotify-da indi ony ulanan tutuş döwrüň diňleme statistikasyny görüp bolýar

  • 28.05.2026 10:55
  • 704

Spotify striming hyzmaty platformanyň 20 ýyllygy mynasybetli «Your Party of the Year(s)» atly täze funksiýasyny hödürledi. Ol ulanyjylara öz akkauntlaryny açyp, ulanan tutuş döwri üçin şahsy statistikalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu gural diňleme taryhy baradaky maglumatlara, şol sanda serwisde bellige alnan senesine we iň birinji diňlenen aýdyma girmäge ýol açýar.

Täze aýratynlygyň çäklerinde serwis ulanyjynyň iň köp diňlän 120 kompozisiýasyndan ybarat bolan «All-Time Top Songs» atly şahsy pleýlistini hem döredýär.

Bu funksiýa tölegli abunanyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, diňleýjileriň ähli derejeleri üçin elýeterlidir. Ondan peýdalanmak üçin goşundynyň gözleg setirinde «Spotify 20» ýa-da «Party of the Year(s)» diýip ýazmaly. Alnan netijeleri interaktiw kartoçka görnüşinde sosial ulgamlarynda paýlaşyp bolýar.

Mundan ozal, ýubileý mynasybetli Spotify hyzmatyň bar bolan ähli taryhynda iň meşhur ýerine ýetirijileriň we aýdymlaryň global reýtingini çap edipdi. Umumy sanawyň liderleri Teýlor Swift, Bad Bunny, Dreýk, The Weeknd we Ariana Grande boldy.


15.06.2026 10:46
3.1k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....