Dünýäniň iň gadymy döwletleri: olar haýsy ýurtlar we näçe ýaşynda?

  • 07.05.2026 19:52
  • 7.8k+

Taryhçylaryň arasynda bu mesele boýunça häli-şindi dürli pikirleriň ýüze çykyp durýandygy dünýäniň iň gadymy döwletini kesgitlemekde bitewi bir garaýyşyň öňe sürülmegine ýol berenok. Şonuň üçin bu babatdaky sanawlarda, köplenç häzirki zaman ýurtlarynyň çäginde tassyklanan döwletleriň ýa-da ösen siwilizasiýalaryň bolandygyna esaslanylýar.

Taryhyň dowamynda döwletleriň serhetleri we syýasy ulgamlary birnäçe gezek üýtgedi. Bu bolsa ýurtlaryň ýaşyny bahalandyrmak üçin belli bir ölçegleri saýlamagy kynlaşdyrýar.

Garaýyşlaryň birine görä, Müsür iň gadymy döwlet hasaplanylmaga laýykdyr. Onuň düýbüniň tutulan wagty hökmünde biziň eramyzdan öňki 3150-nji ýylyň, ýagny birinji dinastiýanyň birinji patyşasy Narmeriň dolandyryp başlan döwrüniň görkezilýän ýerleri-de bar.

Iň gadymy döwletleriň arasynda Eýran hem ýygy-ýygydan agzalýar. Biziň eramyzdan öňki 2600-nji ýyllar töweregi bu ýurduň çäginde paýtagty Suzy şäheri bolan Elam patyşalygy bolupdyr. Bu ýerdäki arheologik toplum häzirki wagtda Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär.

Häzirki wagtda iň köp ilatly Hindistan hem dünýäniň iň gadymy ýurtlarynyň biridir. Ind jülgesinde takmynan b.e.ö. 2600-1500-nji ýyllar aralygynda senetçiligiň, ekerançylygyň, tebigy baýlyklaryň çykarylyşynyň we deňiz söwdasynyň ösen, şeýle-de dolandyryş ulgamynyň kemala gelen siwilizasiýasynyň bolandygy irki çeşmelerdeh hem bellidir.

Mowses Horenasiniň «Ermenistanyň taryhy» atly işine görä, Ermenistan b.e.ö. 2492-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Uzak wagtlap bu senäniň subutnamasy ýokdy, emma Nature žurnalynda çap edilen barlag ermeni ilatynyň takmynan b.e.ö. 3000-nji we 2000-nji ýyllar aralygynda kemala gelendigini subut edýär.

Mesopotamiýa häzirki Yragyň çäginde ýerleşip, bu ýerde iň möhüm seneleriň biri b.e.ö. 2334-nji ýyl – Akkadly Sargonyň hökümdarlygynyň başlanmagy hasaplanylýar.

Hytaýda döwletliligiň ilkinji nokady, b.e.öňki 1600-nji ýylda, bolup geçendigi arheologik tapyndylar bilen tassyklanan Şan dinastiýasynyň hökümdarlygynyň başlanmagy diýlip kesgitlenilýär. Ondan has öňki Sýa dinastiýasynyň bolandygy barada bolsa häzirlikçe arheologik subutnama ýok.


19.06.2026 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
3.8k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......