Barlagçylar ýetginjekleriň was-waslygyny süýji içgilerden görýärler

  • 23.02.2026 18:12
  • 6k+

Düzüminde şekeriň mukdary ýokary bolan içgiler bilen ýetginjeklerdäki was-waslyk alamatlarynyň arasynda arabaglanyşyk bar. Muny Bornmut uniwersitetiniň we Beýrutdaky Liwan amerikan uniwersitetiniň alymy doktor Karim Halediň ýolbaşçylygyndaky täze barlag ýüze çykardy diýip, Medical Xpress žurnaly habar berýär.

Barlagyň awtorlarynyň biri doktor Hloýa Keýsiniň aýtmagyna görä, köpçülikleýin saglygy goraýyş başlangyçlary adatça semizlik we süýji keseli ýaly fiziki netijelere üns berýärler. Emma iýmitiň ruhy saglyga, aýratyn-da energetiki gymmaty ýokary, ýöne peýdaly maddalary az bolan içgileriň täsiri entek ýeterlik derejede öwrenilmedi.
2023-nji ýylyň maglumatlary her bäş çaganyň we ýetginjegiň biriniň ruhy bozulmalardan ejir çekýändigini görkezýär. Was-waslyk, howsala düşmeklik bolsa häzirki ýetginjeklerde iň köp duş gelýän alamatlaryň biridir.
Barlaglarda ýetginjeklere gazlandyrylan içgiler, energetikler, şerbetler, süýjili çaýlar we kofeler, şeýle hem süýtli kokteýller berildi. 
Netijeler süýji içgileri köp içmegiň gönüden-göni was-waslyga getirmese-de, ikisiniň arasynda durnukly baglanyşygyň bardygyny görkezdi.

«Häzirlikçe biz munuň gönümel sebäbi diýip, tassyklap bilmesek-de, bu barlag ýaşlarda süýji içgileri içmek bilen dowul alamatlarynyň arasyndaky zyýanly arabaglanyşygy ýüze çykardy. Soňky ýyllarda was-wasa düşüp ýören ýetginjekler has-da köpeldi, şonuň üçin munuň dowam etmeginiň öňüni almak üçin üýtgedip boljak durmuş endiklerini anyklamak örän möhümdir» diýip, Keýsi barlagyň maksadyny düşündirýär.


09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....