Ubisoft «Far Cry-dan» iki täze oýnuň ýakynda çykjakdygyny we «Assassin’s Creed-iň» üstünde işleýändigini tassyklady

  • 23.02.2026 13:02
  • 2.5k+

​Ubisoft kompaniýasynyň ýolbaşçysy Iw Giýmo, kompaniýanyň «Far Cry» seriýasyndan iki sany täze oýun çykarmaga taýýarlanýandygyny tassyklady. Ol bu barada «Variety» neşirine beren interwýusynda mälim etdi. Bu söhbetdeşlik kompaniýanyň giň gerimli gaýtadan guralyşyndan soňky ilkinji uly jemgyýetçilik çykyşy boldy.

​Söhbetdeşligiň dowamynda Giýmo Ubisoft-yň iň esasy franşizalary bolan «Assassin’s Creed» we «Far Cry» barada durup geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bu seriýalaryň işläp düzüjiler toparlarynyň «Vantage Studios» diýlip atlandyrylýan ýeke-täk «döredijilik öýünde» birleşdirilmegi, serişdeleri beýleki goşmaça taslamalara sarp etmezden, hut şu brendleri ösdürmäge gönükdirmäge mümkinçilik berer.
​Şeýle hem ol häzirki wagtda birnäçe «Assassin’s Creed» oýunlarynyň işlenip düzülýändigini belledi. Olaryň arasynda diňe bir sýužetli we ýeke adamlyk taslamalar däl, eýsem köp ulanyjyly (multiplayer) we bilelikde oýnamaga (co-op) niýetlenen "serwis" görnüşli oýunlar hem bar.
​«Far Cry» barada aýdylanda bolsa, Giýmo anyk jikme-jiklikleri aýan etmezden, seriýanyň iki sany täze oýnunyň ýakynda çykjakdygyny resmi taýdan tassyklady we bu taslamalaryň "uly geljegi bar" diýip atlandyrdy. Mundan ozal ol franşizanyň onlaýn bölegini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdypdy.
​Ubisoft-yň ýolbaşçysy interwýusynda ýene-de bäş ýylyň dowamynda kompaniýanyň öz esasy seriýalaryny ösdürmäge üns berjekdigini habar berdi. Aýratyn hem, fiziki mümkinçiligi çäkli adamlaryň wirtual dünýäler bilen amatly aragatnaşyk saklap bilmekleri üçin oýunlaryň elýeterliligine uly ähmiýet bermek meýilleşdirilýär.

şu gün 15:47
3.7k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

şu gün 07:53
2.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
3.6k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
5.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......