Apple emeli aňa iPhone-da internetsiz işlemegi öwredýär

  • 23.02.2026 23:31
  • 1.5k+

Apple kompaniýasy Ferret-UI Lite atly 3 milliard parametrli, gysga göwrümli emeli aň modeliniň barlagyny çap etdi. Model maglumatlary serwerlere ibermezden, göni enjamyň özünde işlemäge niýetlenendir. Şeýle-de ol  programmalaryň interfeýsindäki elementleri tanamaga we ulanyjynyň adyndan hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Barlaga görä, Ferret-UI Lite özünden takmynan 24 esse uly bolan beýleki grafiki interfeýs agentleri bilen bäsleşip bilýär, hatda olardan has oňat netije-de görkezýär. Taslamanyň esasy aýratynlygy onuň lokal işlemek ukybyndadyr. Ähli hasaplamalar enjamyň özünde ýerine ýetirilýär, bu bolsa ulanyjy maglumatlarynyň bulut ammarlaryna ibermek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Modele düwmeleri, maglumat girizilýän meýdançalary we belgileri tanamak öwredilen. Ol bölümleriň arasynda geçmek we tekst girizmek ýaly yzygiderli işleri hem ýerine ýetirip bilýär.
Öwretmek üçin köp agentli ulgam tarapyndan döredilen sintetiki maglumatlar ulanyldy. Bu ulgamda dürli agentler tabşyryklary emele getirdiler, ýerine ýetirdiler we netijäni barladylar.
Ferret-UI Lite bir-iki ýumuşly gysga tabşyryklary has oňat başarýar, ýöne çylşyrymly, köp buýrukly işleri  ýerine ýetirmekde entek kynçylyk çekýär. Alymlar muny lokal model üçin garaşylan çäklendirme diýip atlandyrýarlar. Modeliň iOS däl-de, Android, web hyzmatlary we kompýuter programmalarynyň interfeýslerinde tälim alandygyny-da bellemek gerek.
Häzirlikçe bu taslama diňe barlag häsiýetine eýe bolup, heniz resmi taýdan yglan edilenok. Şeýle-de bolsa, bu barlag Apple-yň geljekdäki EA funksiýalarynyň haýsy ugra gönükdiriljekdigini görkezýär.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......