Toyota-nyň we Lexus-yň eýeleri 8 basgançakly «awtomat» karobkadaky meseleler sebäpli kazyýete arz etdiler

  • 23.02.2026 13:30
  • 12k+

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň federal kazyýetinde Toyota kompaniýasyna garşy nobatdaky köpçülikleýin arza berildi. Bu gezekki şikaýatyň sebäbi - UA80 seriýaly 8 basgançakly awtomatiki geçiriji karobkadyr.

Arza berijileriň tassyklamagyna görä, bu transmissiýanyň dizaýnynda iki sany düýpli kemçilik bar. Olaryň birinjisi - aşa gyzma. Karobkanyň göwresiniň içinde artykmaç ýylylyk toplanýar. Bu bolsa şaýlaryň çalt zaýalanmagyna we ýagyň (transmissiýa suwuklygynyň) öz ukybyny ýitirmegine sebäp bolýar.
Beýleki kemçilik bolsa, programma üpjünçiligi. Ýangyç tygşytlylygyna aşa üns berlendigi sebäpli, guty has ir ýokary tizliklere geçýär. Bu ýagdaý içerki agramy we gidrotransformatoryň könelmesini artdyrýar.
Awtoulag eýeleri geçiriş wagtyndaky bökdençliklerden, silkinmelerden, ýag syzyşmalaryndan we ýangyn ysynyň gelmeginden şikaýat edýärler. Köp ýagdaýlarda geçiriji guty bary-ýogy 100 müň kilometr ýol geçenden soň doly hatardan çykýar.
Bolup geçen bir wakada diler hatardan çykan gutyny çalyşmak üçin 7400 dollardan gowrak baha kesipdir we ýöriş çäginden birneme geçilendigi sebäpli mugt bejerişden (garantiýadan) ýüz öwrüpdir.
Şikaýatda aşakdaky modellerde kynçylyklaryň ýüze çykyp biljekdigi bellenilýär:

  • Toyota: Highlander (2017-nji ýyldan bäri), Grand Highlander (2024-nji ýyldan bäri), Camry (2018–2024 ý.ý.), RAV4 (2019-njy ýyldan bäri), Sienna we Avalon;
  • Lexus: RX 350 (2023-nji ýyldan bäri), ES 250/350 (2019-njy ýyldan bäri), NX 250/350 (2022-nji ýyldan bäri), TX 350 (2024-nji ýyldan bäri).

Arzada Toyota kompaniýasynyň bu problemalardan entek synag tapgyryndaka habarlydygy öňe sürülýär. Indi bolsa awtoulag eýeleri kemçiligiň resmi taýdan ykrar edilmegini, ähli şeýle ulaglaryň yzyna çagyrylyp düzedilmegini we öňki edilen çykdajylaryň öweziniň dolunmagyny talap edýärler.


düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......