ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar

  • 24.02.2026 14:19
  • 2.8k+

ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi.

Häzirki wagtda OpenAI-yň mugt, 8 dollarlyk Go, 20 dollarlyk Plus, 200 dollarlyk Pro, şeýle-de toparlaýyn Business we Enterprise meýilnamalaryndan ybarat bäş sany tarifi bar.  Plus we Pro nyrhanamalarynyň arasyndaky bahada 10 esse aratapawut köplenç ulanyjylaryň arasynda närazylyk döremegine getirýär. Sebäp Plus tarifiiniň limitleri ýetmeýän ulanyjylar birden on esse köp pul tölemäge mejbur bolýarlar. Pro Lite edil şu aralykdaky boşlugy doldurmaga niýetlenendir.
Backend-API jogabynda onuň nyrhy (salgyt bilen bilelikde) aýyna 100 dollar diýlip takyk görkezilipdir. Häzirlikçe onuň funksiýalaryň dizaýny Pro tarifiniňkä meňzeş: iň oňat modelleriň çäksiz ulanyşy, kämilleşdirilen sesli režim (Advanced Voice Mode), birinji derejeli Codex agenti we surat/wideo döretmek üçin maksimal limitler.
Munuň häzirlikçe diňe taslama görnüşinde bolmagy-da mümkin. Ahyrynda hödürlenjek mümkinçilikler Pro tarifindäkiden biraz üýtgeşikräk-de bolup biler.
OpenAI häzirlikçe täze nyrhnamanyň girizilýänini resmi taýdan yglan etmedi. Ýöne töleg sahypasynyň koduň içinde eýýäm taýýar durmagy bu nyrh meýilnamasynyň ýakyn wagtda işe girizilip bilinjekdigini görkezýär.


27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....