Caviar sap altyndan iPhone Air çykarar: bahasy tas $39 müň

  • 23.02.2026 13:23
  • 4.5k+

Caviar lýuks brendi iPhone Air esasynda döredilen täze we eksklýuziw Airline smartfonlar toplumyny çykarjagyny mälim etdi. Bu barada GSMArena.com portaly habar berýär.

Kompaniýa enjamyň asyl ýeňilligini saklap, ony gymmat bahaly metallar bilen baýlaşdyrdy. Ähli modeller simsiz zarýadlanmak we MagSafe ulgamy bilen üpjün edilen.
Toplumyň esasy modelleri:
Zenith (Flagman): Korpusy 18 karatlyk bitewi altyndan we krokodiliň gara derisinden taýýarlandy. Bu brendiň taryhyndaky iň ýeňil altyn smartfondyr. Bahasy 38 930 dollarlyk smartfonuň bary-ýogy 3 sanysy çykarylar.
Aureon:24 karatlyk altyn çaýylan korpus altyn mermer teksturaly karbon materialy bilen utgaşdyryldy. 9 270 dollar bahaly bu görnüşden 19 sanysy öndüriler.
Crystal: Bu nusgada awiasiýa titany, krokodiliň ak derisi we ýuwelir emaly ulanyldy. 8 910 dollardan satyljak bu enjamyň hem 19 sanysy hödürleniler
Air Black: Gara titandan we gara krokodil derisinden taýýarlanyp, bahasy 7 610 dollardan başlaýar.
Modelleriň atlary belentligi we tämizligi aňladýar. Zenith — «iň ýokary nokat», Aureon — «altyn şöhle», Crystal — «dury we ýagty» diýmekdir.


10.03.2026 08:10
3.7k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.4k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

02.03.2026 10:55
5.5k+

Gijäň bir mahaly gelýän jaň iPhone ulanyjylaryny gorkuzdy: Apple-iň maslahaty

iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi...