Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

  • 10.03.2026 08:10
  • 3.9k+

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly täzelenen iPad Air planşetleri, M5 çipli MacBook Air noutbuklary, M5 Pro we M5 Max prosessorly MacBook Pro modelleri, şeýle hem düýbünden täze MacBook Neo we täze Studio Display monitorlary bar.

Şol bir wagtyň özünde, kompaniýanyň önümçilik hataryndan aşakdaky enjamlar aýryldy:

  •  iPhone 16e (A18 prosessorly, 2025);
  • 11 dýuýmlyk iPad Air (M3 prosessorly, 2025);
  • 13 dýuýmlyk iPad Air (M3 prosessorly, 2025);
  • 13 dýuýmlyk MacBook Air (M4 prosessorly, 2025);
  • 15 dýuýmlyk MacBook Air (M4 prosessorly, 2025);
  • 14 dýuýmlyk MacBook Pro (M5 prosessorly, 512 GB ýat, 2025);
  • 14 dýuýmlyk MacBook Pro (M4 Pro prosessorly, 2024);
  • 16 dýuýmlyk MacBook Pro (M4 Pro prosessorly, 2024);
  • 14 dýuýmlyk MacBook Pro (M4 Max prosessorly, 2024);
  • 16 dýuýmlyk MacBook Pro (M4 Max prosessorly, 2024);
  • Mac Studio (M3 Ultra prosessorly, 512 GB ýat, 2025);
  • Studio Display monitory (A13 Bionic prosessorly, 2022);
  • Pro Display XDR monitory (2019);
  • Pro Stand diregi (Pro Display XDR üçin, 2019);
  • VESA berkitme uýgunlaşdyryjysy (Pro Display XDR üçin, 2019).

Bellenen enjamlaryň köpüsi häzirki wagtda dükanlarda uly arzanladyş bilen satylýar. Täze önümler üçin deslapky sargytlar 4-nji martda açyldy, olaryň resmi satuwy we eltip berilmesi bolsa 11-nji martda başlanar.


30.05.2026 00:14
2.3k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...