Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

  • 05.03.2026 06:56
  • 1.5k+

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi.

Deňeşdirmek üçin aýtsak, MacBook Air-iň bahasy 1099 dollardan, MacBook Pro-nyňky bolsa 1699 dollardan başlanýar.

MacBook Neo-nyň 599 dollarlyk binýatlaýyn wersiýasy 256 gigabaýt ýat bilen enjamlaşdyrylan. Ol Touch ID funksiýasyny goldamaýar. Bu funksiýa 512 gigabaýt ýat bilen birlikde bahasy 699 dollar bolan modelde bar.

Noutbuk dört reňkde: kümüşsöw, gülgüne, sitrus we indigo reňklerinde elýeterli bolar.

Apple eýýäm täze model üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. MacBook Neo-nyň resmi satuwlary 11-nji martda başlanar.

Şu aýyň başynda kompaniýa bahasy 599 dollardan başlanýan iPhone 17e býujet smartfonyny hem tanyşdyrypdy. Gara, ak we gülgüne reňklerde hödürlenýän bu modeliň satuwlarynyň başlanjak güni hem 11-nji marta bellenipdi.


21.04.2026 15:36
6.8k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

03.03.2026 06:09
12k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...