Türkmenistanyň Prezidenti Bruneýiň Soltanyny we halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 23.02.2026 10:12
  • 4.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada 23-nji fewralda TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Döwlet Baştutany öz hatynda Bruneýiň soltanyna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Bruneý-Darussalam Döwleti Günorta-Gündogar Aziýada, Kalimantan adasynda ýerleşýär. Ýurt 1984-nji ýylda Beýik Britaniýadan doly garaşsyzlygyny aldy. Bruneý sebitdäki iň gadymy dolandyryjy nesilleriň biri bolan soltanlykdyr, onuň syýasy ulgamy monarhiýa dolandyryşyna esaslanýar. Milli baýram bolan Garaşsyzlyk güni her ýylyň fewral aýynyň ahyrynda bellenilýär.


şu gün 08:13
933

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
644

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......