«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy

  • 22.02.2026 22:43
  • 22k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär.

Milli çempionatyň (Pro-Liga) 23-nji tapgyrynda «Al-Hazm» toparyna garşy geçirilen we «Al-Nasryň» 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanan oýundan soň, 41 ýaşly ýyldyz futbolçy: «Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde oýunlarymy dowam etdirmek isleýärin. Bu ýurt meni, maşgalamy we dostlarymy örän gowy garşy aldy. Men bu ýerde bagtly we galmak isleýärin» diýip belledi.
Ýakynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ronalduny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna çagyrandygy baradaky habarlar we emeli aň arkaly döredilen wideolar meşhurlyk gazanypdy. Şeýle-de, metbugatda portugaliýaly hüjümçiniň klubuň transfer syýasatyndan nägile bolup, käbir oýunlara gatnaşmakdan ýüz öwrendigi barada maglumatlar ýaýrapdy. Emma Ronaldunyň soňky beýanaty bu şübheleri aradan aýyrdy.
41 ýaşyna garamazdan, Ronaldu meýdançada ýokary netijeliligini görkezmegini dowam edýär. Soňky oýunda «Al-Hazm» bilen duşuşykda dubl (2 gol) etdi.
Ähli ýaryşlarda 22 oýna gatnaşyp, 20 gol geçirmegi başardy. Häzirki wagtda «Al-Nasr» 21 oýundan soň 52 utuk bilen çempionatda 3-nji orunda barýar. Ýaryşyň lideri — 53 utugy bolan «Al-Hilal» toparydyr.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......