Panç atly ýalňyz maýmynjygyň meşhurlygy IKEA-nyň ýumşak oýunjagyny iň ýörgünli haryda öwürdi

  • 23.02.2026 15:43
  • 7.6k+

Ýumşak orangutan oýunjagyny özüne «eje» edinen Panç atly makakajygyň meşhurlygy IKEA-nyň bu oýunjaklaryna bolan islegi rekord derejä ýetirdi.

Panç özüniň gynançly hekaýasy bilen dünýä belli boldy. Makaka maýmynjygynyň çagasy Tokionyň golaýyndaky Itikawa haýwanat bagynda 2025-nji ýylyň iýulynda dünýä inenden soň, öz enesi tarapyndan ret edildi. Haýwanat bagynyň işgärleri ýalňyz galan maýmynjyga nebsi agyryp, oňa «ene» hökmünde IKEA-nyň mämişi reňkli ýumşak orangutan oýunjagyny berdiler. 


Ene mährine zar bolan maýmynjyk bu oýunjakdan teselli tapdy. Pançyň ony uzakly gün ýanyndan aýyrman, her ýerde gujaklap göterip ýörşi internet ulanyjylarynyň ünsüni çekdi. Bu oýunjak ýalňyzlygy ýeňip geçmegiň simwolyna öwrüldi.
Indi, The Washington Post neşiriniň habar bermegine görä, bu wakanyň täsiri bilen Ýaponiýada, ABŞ-da we Günorta Koreýada orangutan oýunjaklary eýýäm doly satylyp gutaryldy.
IKEA bu ýagdaýy mahabat mümkinçiligi hökmünde ulanmaga başlady we oýunjagy indi «Pançyň orangutany» diýen at bilen hödürleýär.
Kompaniýasy oýunjagyň ýetmezçiligine mümkin boldugyça sabyrlylyk bilen çemeleşmegi haýyş etdi we mämişi reňkli orangutanlaryň tiz wagtda täzeden tekjelere gaýdyp geljekdigini wada berdi.
Kompaniýanyň wekilleri Hawýer Kinýones we Karin Blind Pedersen hem bu ýagdaý hakda öz pikirlerini paýlaşdylar. Olar arzyly oýunjagyň öňden bäri hem dürli bazarlarda iň köp isleg bildirilýän önümleriniň biridigini, Ýaponiýadaky bu wakanyň bolsa oňa bolan hyrydarlygy has-da güýçlendirendigini bellediler. Şeýle hem olar öz öndüren ýumşak orangutanlarynyň Pança mähir we rahatlyk berýändigine diýseň tolgunýandyklaryny-da aýtdylar.


şu gün 15:47
3.7k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

şu gün 07:53
2.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
3.6k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
5.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......