YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar

  • 23.02.2026 12:48
  • 2.8k+

​YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi.

​Indi tomaşaçylar wideo tomaşa edip duran wagty, ony saklamazdan telewizora sorag berip bilerler. YouTube-yň goldaw sahypasynda habar berlişi ýaly, synag toparyna girýän ulanyjylar ekranda "Ask" (Sora) düwmesini görerler. Bu düwme sesli asistenti işledýär. Ol bolsa wideonyň mazmuny boýunça taýýar soraglary hödürleýär ýa-da pultdaky mikrofon arkaly öz soragyňyzy bermäge mümkinçilik döredýär.
​Emeli aň kömekçisi, mysal üçin, nahar bişirilişini görkezýän gepleşikde tagamyň düzümini aýdyp berip biler ýa-da filmdäki aýdymy kimiň aýdýandygyny habar berer. Jogap bada-bat ekranda peýda bolýar, wideo bolsa dowam edýär.
​Häzirki wagtda bu funksiýa diňe çäkli sandaky uly ýaşly ulanyjylar üçin elýeterli bolup, iňlis, hindi, ispan, portugal we koreý dillerinde işleýär.
​YouTube-yň gepleşmek üçin ukyply emeli aňy 2024-nji ýylda işe girizildi. Bu hyzmatyň telewizorlara ornaşdyrylmagy, serwisiň uly ekranlarda tomaşa sanynyň artmagy bilen baglydyr. "Nielsen" kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň aprel aýyndaky maglumatlaryna görä, YouTube ABŞ-daky ähli telewizion tomaşalaryň 12,4%-ni eýeledi.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......