Döwlet Baştutany ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk barada tabşyryklary berdi

  • 24.02.2026 00:15
  • 5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T. Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler barada iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny tutmaga girişildi. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ilatymyzy ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda bu ekinleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyklykda alnyp barylmagyny tabşyrdy. Welaýatlarda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen öz wagtynda we ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek we goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem Prezident ýeralma hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň tohumlarynyň we ekiljek ýerleriniň ýazky ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, welaýatlaryň bugdaý we pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini hem-de welaýatlarda gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
824

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......