Maşyny 100 sagatlap öçürmän işletseň hereketlendirijä näme bolar? Nissan-yň inženerleri muny barladylar

  • 24.02.2026 11:29
  • 16k+

Nissan kompaniýasy hereketlendirijiniň iň ýokary aýlawlarda (oborotlarda) 100 sagatlap yzygiderli işlemeginden soňky ýagdaýyny görkezýän wideo materiallary çap etdi. Ýapon awtoöndürijisiniň hünärmenleri güýç agregatlarynyň adatdan daşary agyrlyklara durnuklylygyny barlamak üçin birnäçe synaglary geçirdiler.

Tennesi ştatyndaky motor zawodynyň wekilleri synagyň tehniki jikme-jikliklerini mälim etdiler. Barlag üçin konweýerden tötänleýin saýlanyp alnan, Frontier pikaplaryna niýetlenen 3,8 litrlik V6 atmosfera hereketlendirijileri ulanyldy. Güýç gurluşynyň kuwwaty 310 at güýjüne we 281 Nm aýlaw pursadyna deňdir.
Laboratoriýada motorlar ýörite diwarlykda gurnalýar we aýlawlaryň "gyzyl zolagynda" işledilýär. Iň agyr synag 300 sagat dowam edýär, bu bolsa adaty ulanyş şertlerinde 200 müň kilometrden gowrak ýol geçmek diýmekdir.

"Biz hereketlendirijini işledýäris, ony gyzyl zolaga çenli gyzdyryp, birnäçe sagatlap şol ýagdaýda saklaýarys. Soňra bolsa ony doly söküp, niresinde näme döwlendigini barlaýarys" diýip, hil gözegçiligi boýunça menejer Brendon Makkleýn düşündirdi.

Synag wagtynda çykaryş kollektorlary gyzyp, lowurdap duran gyzyl reňke girýär. Mehaniki synaglardan başga-da, kärhanada rentgen skanirlemesi hem ulanylýar. Enjam her ýüzünji silindr bloklaryny barlaýar we sowadyş kanallarynyň hem-de detallaryň diwarlarynyň bitinligini barlamak üçin 1,2 mm galyňlygynda kesimleri öwrenýär.



08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.5k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....