Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

  • 07.06.2026 16:58
  • 2.7k+

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy.

Täze Primera doly elektrik güýç gurluşyna eýe boldy we ol Hytaýda Nissan bilen Dongfeng-iň bilelikdäki kärhanasy tarapyndan öndürilýän Nissan N7 sedanynyň binýadynda guruldy. Bu täze ulag köne modelden diňe adyndan başga ähli zady bilen doly tapawutlanýar.

Elektromobil 215 at güýjüne we 305 Nm aýlaw pursatyna eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Ulagyň ýol ätiýajy 500 kilometre ýetýär. Awtomobil fastbek kuzowynda ýasalyp, gizlin gapy tutawaçlaryna we uzynlygy bilen öň bölegini doly tutýan LED optikasyna eýe boldy. Ölçegleri boýunça bu model Toyota Camry modelinden hem uludyr.

Primera modeliniň taryhy 1990-njy ýylda başlady. Awtomobil 2007-nji ýyla çenli jemi üç nesilde öndürildi we sedan, liftbek hem-de uniwersal kuzow görnüşlerinde hödürlendi. Bu model awtosportda hem uly üstünlikler gazanyp, Britaniýanyň turing-kar çempionatynda birnäçe ýeňişleri alypdy.

Primera EV modeliniň premýerasy Nissan kompaniýasynyň «From China» atly täze eksport strategiýasynyň bir bölegi boldy. Kompaniýa geljekki modelleri işläp taýýarlamagyň we öndürmegiň esasy merkezi hökmünde Hytaýy ulanmagy maksat edinýär.

Täze ulag Günorta-Gündogar Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna iberiler.

Awtomobiliň resmi bahasy we satuwa çykaryljak wagty häzirlikçe mälim edilmedi.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....