Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

  • 31.05.2026 16:54
  • 4.8k+

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady.

Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, Nissan-yň zawodlarynda ýygnanýan kalsiý karbonaty TS-12 we TS-20 ses izolirleýji listlerini öndürmekde ulanylýar.

Bu material "gurak kamera" diýip atlandyrylýan boýamak prosesini ulanýan Tochigi we Oppama zawodlarynda öndürilýär. Boýag bölejikleriniň akar suwlara düşüp, senagat galyndylaryna öwrülýän däp bolan ulgamlardan tapawutlylykda, munda artykmaç boýag kalsiý karbonat süzgüçlerinde süzülip galýar. Netijede, soňra ulanmaga ýaramly gaty goşmaça önüm emele gelýär.

Nissan bu täze çemeleşmäniň galyndylaryň möçberini ýylda takmynan 1200 tonna we zyňyndylary utilizasiýa etmegiň çykdajylaryny takmynan 25 million iýen azaltjakdygyny çaklaýar.

Şeýle hem, kompaniýa ses izolirleýji listleriň däp bolan önümlere garanyňda CO₂-iň zyňyndylaryny 30%-den gowrak azaldýandygyny mälim etdi. Önümler Takayama Kasei tarapyndan öndürilýär we Taiho kompaniýasy tarapyndan satylýar.

Nissan gaýtadan işlenen kalsiý karbonatynyň başga ulanylyşlaryny hem öwrenýär. Has takygy, kompaniýa bu materialy 2030-njy ýyla çenli awtoulag böleklerinde ulanmagyň mümkinçiligini öwrenýär.


13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....