Salwadorda 100 müň sany plastik gapakdan öz «Mona Lizalaryny» döretdiler

  • 23.02.2026 17:12
  • 5.8k+

Salwadoryň Sakamil etrabynda 100 müňden gowrak plastik gapakdan taýýarlanan ägirt uly diwar suraty peýda boldy. Bu işiň beýikligi 13 metrden geçýär. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, awtor dünýäde bu ululykda gapak bilen «çekilen» başga bir freskanyň ýokdugyny aýdýar.

Taslamanyň awtory — 28 ýaşly wenesuelaly suratkeş Oskar Oliwares. Ol eýýäm birnäçe ýyldan bäri gaýtadan işlenilen galyndylardan köçe sungatynyň eserlerini döredip gelýär. Bu täze iş onuň döredijilik ýolundaky iň uly taslama boldy.
Portretiň merkezinde Leonardo da Winçiniň «Mona Lizasyna» çalymdaş salwadorly zenanyň keşbi durýar. Zenan garaýagyz, buýra saçly görnüşde şekillendirilip, onuň saçlary milli baýdagyň reňklerinde ýerine ýetirildi. Suratkeş onuň anyk bir adamyň däl-de,  ýurduň adaty raýatynyň simwoliki şekilidigini aýdýar.
Freska üçin plastik gapaklary Oliwaresiň goňşulary, dostlary we galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalar ýygnap berdiler. Iş amala aşyrylanda plastik gapaklara hiç hili boýag goşulmandyr, olar diňe öz reňklerinde ulanylypdyr. 
Suratkeşiň pikiriçe, taslamanyň ähmiýeti diňe sungat bilen çäklenmeýär.

«Bu işde iň möhüm zat, gaýtadan ulanan gapaklarymyzyň sany däl, eýsem onuň her bir tomaşaça we gapak ýygnan her bir adama ýetirýän täsiridir. Çünki bu adamlara, hojalyklara we jemgyýete plastik galyndylaryna düýbünden başgaça göz bilen garamaga mümkinçilik berýär» diýip, Oliwares muny özüçe düşündirýär.

Oliwaresiň maksady, şuňa meňzeş freskalar arkaly Sakamil etrabyny açyk asman astyndaky muzeýe öwrüp, ony şäher sungatynyň täze merkezi etmekdir.


 


04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....