Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyny terk etdi. Ol topary dünýä çempionatyna çykarypdy

  • 24.02.2026 03:57
  • 6.7k+

Niderlandly tälimçi Dik Adwokat Kýurasaonyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Ol bu çözgüdi gyzynyň agyr kesellemegi sebäpli kabul etdi we wagtyny maşgalasyna bagyşlamak isleýär. Onuň ornuny Fred Rýutten eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Adwokat ýygyndy topara 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ýolbaşçylyk etdi we topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çykarmagy başardy. 2025-nji ýylyň noýabrynda saýlama oýunlarynyň Ýamaýka garşy geçirilen aýgytly duşuşygynda hem ol maşgala ýagdaýlary sebäpli gatnaşyp bilmändi.
«Men elmydama maşgalanyň futboldan möhümdigini aýdardym. Şonuň üçin bu bolaýmaly çözgüt. Ýöne, şeýle netijä gelsem-de, men Kýurasaony, ol ýerde ýaşaýan adamlary we kärdeşlerimi hemişe küýsärin... Dünýäniň iň kiçi ýurdunyň dünýä çempionatyna çykmagyny karýeramdaky iň ajaýyp pursatlaryň biri hasaplaýaryn. Maňa ynanan oýunçylara, işgärlere we dolandyryş geňeşiniň agzalaryna buýsanýaryn» – diýip, Adwokat belledi.
Tälimçi bilen bilelikde onuň kömekçisi Kor Pot hem topardan gidýär.
Adwokatyň döwründe Kýurasaonyň ýygyndysy asly Antil adalaryndan bolan niderlandly oýunçylary işjeň çekipdi. Mysal üçin, Ýamaýka garşy saýlama oýunda meýdançada Kýurasaonyň özünde doglan ýekeje oýunçy hem ýokdy.
Fred Rýutten mundan ozal «PSW», «Twente», «Anderleht» we «Şalke» ýaly klublara ýolbaşçylyk etdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Kýurasao «E» toparçada Germaniýanyň, Ekwadoryň we Kot-d’Iwuaryň ýygyndylary bilen oýnar.
Geçmişde Dik Adwokat Niderlandlaryň, Belgiýanyň, Serbiýanyň, Günorta Koreýanyň we Yragyň milli ýygyndylaryna tälim beripdi. Şeýle hem ol «PSW», «AZ Alkmaar», «Utreht», «Feýenoord», Türkiýäniň «Fenerbahçe» we Sankt-Peterburgyň «Zenit» klublarynyň baş tälimçisi bolupdy. Ol «Zenit» bilen UEFA-nyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......