Google ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany optiki süýümli kabel arkaly baglajak bolýar

  • 23.02.2026 14:13
  • 8.6k+

Google kompaniýasy U.S.-India Connection atly ägirt infrastruktura taslamasyna başlandygyny yglan etdi. Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin 15 milliard dollar sarp etmek meýilleşdirilýär.

Taslama ABŞ-ny, Aziýany, Awstraliýany we Afrikany birleşdirjek täze suwasty we gury ýer optiki süýümli liniýalarynyň ulgamyny gurmagy göz öňünde tutýar.
Bu başlangyç Günorta ýarym şarynda internetiň we emeli aň hyzmatlarynyň durnukly işlemegi üçin maglumat geçirişiniň ýokary tizlikli ätiýaçlyk ýollaryny döretmäge mümkinçilik berer. Täze infrastrukturanyň esasy düwni Hindistanyň gündogar kenaryndaky Wişakhapatnam şäheri bolar.
Birinji ugur Wişakhapatnam we Çennaý şäherlerini Günorta Afrika bilen birleşdirer. Bu liniýa öň bar bolan Equiano we Nuvem ulgamlary bilen utgaşyp, ABŞ-nyň gündogar kenaryndan Hindistana çenli göni maglumat geçelegesini emele getirer.
Ýuwaş umman ugrunyň çäginde Wişakhapatnam Singapur bilen göni birigip, Bosun we Tabua ulgamlary arkaly Awstraliýanyň üsti bilen ABŞ-nyň günbatar kenaryna çykar. Goşmaça hökmünde Mumbaýdan Günbatar Awstraliýa çenli kabel çekiler. Ol TalayLink we Honomoana ulgamlary bilen bilelikde ýene bir garaşsyz ugur döreder.
Täze konfigurasiýa global internet ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrar we Gyzyl deňziň üsti bilen geçýän ugurlara bolan garaşlylygy azaldar.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......