Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

  • 23.02.2026 13:55
  • 13k+

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär.

«Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar.
Meteorologlaryň maglumatyna görä, bu ştatlarda garyň galyňlygynyň 30 santimetrden 60 santimetre çenli ýetmegine garaşylýar. Amatsyz howa şertleri sebäpli ABŞ-nyň Kongresiniň iki palatasy hem birnäçe başlangyçlar boýunça ses bermekligi sişenbe gününe geçirdi.


Gar tupanlary awiasiýanyň işinde  hem uly bökdençliklere sebäp boldy. FlightAware onlaýn-hyzmatynyň maglumatyna görä, ýekşenbe güni 10 müňden gowrak uçuş goýbolsun edildi ýa-da gijikdirildi, şu gün irden bolsa 3,4 müňden gowrak reýs ýatyryldy, 7 müňden gowrak uçuş bolsa gijikdirildi.
Galyň düşen gar ylaýta-da, Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi we La-Guardiýa, şeýle-de Nýuarkyň, Filadelfiýanyň we Bostonyň howa menzillerine güýçli täsirini ýetirdi.
Mundan başga-da, ýurduň gündogar kenarynda 100 müňden gowrak öý elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy. Poweroutage saýtynyň maglumatynda şeýle ýagdaýyň azyndan 101 893 sanysynyň hasaba alnandygy bellenilýär. Bu bökdençlikler esasan Delawer, Nýu-Jersi, Wirjiniýa we Merilend ştatlaryna agram berdi.


şu gün 07:41
5.7k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.6k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....