2k+

Adobe täze Photoshop we Premiere Pro üçin gurallary hödürledi

Adobe kompaniýasy her ýylky Max konferensiýasynda Creative Cloud programmalary — Photoshop, Premiere Pro we Lightroom üçin täze emeli aň gurallaryny tanyşdyrdy. Bu täzeleme suratlary we wideolary redaktirlemegiň çylşyrymly basgançaklaryny ýönekeýleşdirmäge we awtomatlaşdyrmaga gönükdirilendir...

3.3k+

Mercedes-Benz-iň girdejisi amerikan salgytlary sebäpli 31% azaldy

Mercedes-Benz Group-yň 2025-nji ýylyň üçünji çärýegindäki arassa girdejisi 1,19 milliard ýewro bolup, bu görkeziji geçen ýyldakydan 31% azdyr diýip, konserniň maliýe hasabatynda  aýdylýar. Kompaniýa girdejiniň azalmagyny, esasan,  satuwyň peselmegi we Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan onlarça ýurda girizilen import salgytlarynyň täsiri bilen düşündirýär...

6k+

Türkmenistanda orta mekdepler üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary  üçin täze okuw kitaplar çap edildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär...

5.4k+

Toyota rowaýata öwrülen Supra-nyň önümçiligini togtadýar: 2026-njy ýylyň modeli soňky bolar

Toyota Supra sportkarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylyň mart aýynda bes ediljekdigini resmi taýdan habar berdi. Şonuň üçin 2026-njy ýylyň modeli Supra-nyň soňky nesli hökmünde bazara çykar. Kompaniýa müşderilerine goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, Supra satyn almagy meýilleşdirýänlere dilerlere ýüz tutup alternatiw modeller boýunça maslahat almaga çagyryş etdi...

2.8k+

Italiýada pisse hasylynyň pes bolmagy Nutella-nyň gymmatlamagyna sebäp bolup biler

Nutella hozly şokolad pastasy Italiýada pisse hasylynyň gowşak bolmagy sebäpli gymmatlap biler. Der Spiegel-iň ýerli oba hojalyk assosiasiýasyna salgylanyp habar bermegine görä, şu ýyl ýurtda 70 müň tonna töweregi hoz ýygnalar, bu bolsa soňky ýyllaryň ortaça görkezijilerinden iki esse diýen ýaly azdyr...

2.6k+

HOK Saud Arabystanyndaky Kibersport Olimpiadasy-2027-ni ýatyrdy

Halkara Olimpiýa komiteti ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlaryny gurnamak boýunça Saud Olimpiýa we Paralimpiýa komiteti (SOPC) bilen hyzmatdaşlygyň bes edilendigini mälim etdi diýip, Reuters habar berýär. Ýaryşlary 2027-nji ýylda Er-Riýadda geçirmek meýilleşdirilipdi...

2.5k+

Wepaly Halynyýazow 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny gazandy

2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri belli boldy. Bu ýyl Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyny 20 ýaşly sport ussady Wepaly Halynyýazow gazandy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bu üstünlige Aşgabatda şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça wagt gözegçilikli nusgawy görnüşinde 11 tapgyrda geçirilen ýaryşda ýeňiş gazanyp ýetdi...

6.3k+

«Altyn Asyr» «Al-Şababdan» ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» futbol kluby toparlaýyn tapgyryň üçünji duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» toparyndan 1:3 hasabynda ýeňlip, AFK Çagyryş Ligasynda çykyşyny tamamlady. Duşuşyk Butanda geçirildi. Türkmen toparynyň düzüminde ýeke-täk goly 29-njy minutda Zafar Babajanow kelle urgusy bilen geçirdi...

6.7k+

Alymlar Antarktidada ýaşy 6 mln ýyl bolan iň gadymy buz nusgalaryny tapdylar

Antarktidada ýaşy, takmynan, 6 mln ýyla barabar bolan Ýerde iň gadymy buz nusgalary tapyldy. Bu barada Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnaly habar berýär. Dürli ýurtlardan ylmy gözlegçiler Gündogar Antarktidadaky Allan baýyrlarynyň töwereginde gözleg işlerini geçirdi...

5k+

Fransiýa futbolçylaryň eksportyndan gazanylan girdeji boýunça Braziliýadan öňe geçdi

Soňky on ýylda fransuz futbol klublary oýunçylaryň daşary ýurtlara transferinden tas 4 mlrd ýewro gazandy. Şeýle maglumatlary Halkara futbol federasiýasynyň hyzmatdaşy CIES Football Observatory hödürleýär. CIES 2016-njy ýyldan başlap, soňky on ýylda transferlerden gelen girdejiler boýunça futbol çempionatlarynyň reýtingini düzdi...

8.4k+

Müsürde dünýäniň bir siwilizasiýa bagyşlanan iň uly muzeýi açylýar

Dubliniň Heneghan Peng Architects binagärlik býurosy Gizadaky Uly Müsür muzeýiniň gurluşygynyň taslama yglan edilenden otuz ýyldan gowrak wagtdan soň doly tamamlanandygyny habar berdi. Muzeý Giza piramidalarynyň golaýynda 500 000 inedördül metr meýdanda ýerleşýär we köpüsi ozal köpçülige görkezilmedik faraonlar döwrüniň 100 000-den gowrak artefaktyny jemleýär...

1.8k+

Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri geçirilýär

30-njy oktýabrda Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde "Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri" atly giň gerimli iki günlük çäre başlady. Forum Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilýär. Çärä Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Germaniýanyň we birnäçe beýleki ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň hem-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar...

3.8k+

YouTube pes hilli wideolary awtomatik gowulandyryp başlar

YouTube, aýratynam, telewizorda wideo tomaşa etmegiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze funksiýalary hödürledi. Esasy täzelikleriň biri 1080p-den pes durulykdaky wideolary awtomatik masştabirleme boldy. Platforma şeýle wideolaryň hilini HD, geljekde bolsa 4K derejesine çenli ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanar...

4.7k+

Çip ýetmezçiligi bütin dünýäde awtomobil önümçiligini bökdeýär

Bütin dünýäde awtoöndürijiler çip ýetmezçiligi sebäpli önümçiligi azaldýar ýa-da azaltmagy meýilleşdirýär. Pudakda üpjünçilik zynjyryna awtomobil çiplerini öndürýän Nexperia kompaniýasynyň töwereginde Niderlandlar bilen Hytaýyň arasynda ýüze çykan dawa zyýan ýetirdi diýip, Bloomberg habar berýär...

3.6k+

Toyota Group satuwlaryny ýokarlandyrdy

Toyota Motor Group 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini satuwlaryň, önümçiligiň we eksportyň ösüşi bilen tamamlady. Aprel–sentýabr aýlary aralygynda toparyň umumy satuwy 5,64 mln awtoulag boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende +5% ýokarlanma diýmegi aňladýar...

5.6k+

Hytaý “emeli Günüň” gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlar

Hytaýly alymlar “emeli Gün” diýip hem atlandyrylýan BEST (Burning Plasma Experimental Superconducting Tokamak) atly termoýadro enjamynyň gurluşygyny 2027-nji ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Nin aýtdy...

12k+

Türkmenistanyň içeri işler ministri Tähranda YHG-nyň duşuşygyna gatnaşdy

28-nji oktýabrda Tähran şäherinde (Eýran) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Içeri işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

5.9k+

Maskyň wadasyna garamazdan, Tesla Cybercab-da rul we pedal bolup biler

Tesla kompaniýasy öz geljekki Cybercab robotaksisini, ozal Ilon Maskyň awtomobiliň doly awtonom boljakdygyny aýdandygyna garamazdan, rul we pedal bilen üpjün edip biler. Bu barada Bloomberg habar berýär. Tesla-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Robin Denholm agentlik bilen söhbetdeşlikde adaty dolandyryş elementleriniň bolmagynyň federal howpsuzlyk düzgünlerine laýyk gelmek üçin zerur bolup biljekdigini aýtdy...

6.6k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy...

6.1k+

Milliarderleriň baýlygy bir ýylda 10% artyp, rekord 13,4 trln dollara ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde dollar milliarderleriniň sany 5,6% artyp, 3508 adama ýetdi – bu 2020-nji ýyldan bäri iň uly ösüş boldy. Olaryň umumy baýlygy 10,3% artyp, görlüp-eşidilmedik 13,4 trln dollara ýetdi. Şeýle maglumatlar Altrata gözleg kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Billionaire Census 2025 ýyllyk hasabatyndan gelip çykýar...