Iň kuwwatly superkompýuter ulalýar: xAI kompaniýasy «Colossus 2» taslamasyny giňeltmekçi bolýar

  • 09.03.2026 00:22
  • 3.4k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Tennessi ştatynyň Memfis şäheriniň golaýyndaky maglumat merkezleriniň birinde täze bina gurmak üçin 659 million dollar sarp etmegi meýilleşdirýär we munuň üçin degişli edaralara rugsatnama almak üçin ýüz tutdy.

Göz öňünde tutulýan taslama laýyklykda, täze bina Tulane Road 5414 salgysynda ýerleşýän we umumy meýdany 320 müň inedördül metr bolan ägirt uly ýer böleginde gurlar. Binanyň eýelejek meýdany bolsa 28 985 inedördül metre deňeçer bolar. Bu desga häzirki wagtda emeli aň neýroulgamlaryny okatmakda dünýäniň iň kuwwatly hasaplaýyş merkezi hasaplanýan «Colossus 2» maglumat merkeziniň hut gapdalynda ýerleşer we Maskyň EA pudagyndaky batyrgaý meýilnamalaryny has-da giňeltmäge hyzmat eder.

xAI kompaniýasy özüniň «Grok AI» çat-botunyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin Tennessi ştatyndaky maglumat merkezlerini ulanýar. Kompaniýa Memfis şäherine 2024-nji ýylda geldi we şol ýerdäki Bokstawn raýonynda ýerleşýän öňki «Electrolux» zawodynyň binasynda «Colossus» superkompýuterini işe girizdi. «Colossus 2» maglumat merkezi üçin meýdança geçen ýylyň martynda satyn alyndy we şu ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga berildi. Emma Ilon Maskyň desganyň 1 gigawat kuwwata eýedigi baradaky sözlerine garamazdan, ýanwarda alnan hemra suratlary şol wagtky sowadyş ulgamlarynyň diňe 350 megawat kuwwata çenli hötde gelip biljekdigini görkezdi.

Häzirki wagtda Missisipi ştatynyň serhedinde üçünji maglumat merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Maskyň aýtmagyna görä, indi SpaceX-iň düzümine girýän bu kompaniýa netijede umumy kuwwaty 2 gigawata ýetýän ägirt uly hasaplaýyş toplumyna eýe bolar.

xAI kompaniýasynyň «Colossus 2» desgasy häzirki wagtda neýroulgamlary okatmak üçin niýetlenen dünýäniň iň kuwwatly emeli aň superkompýuteri hökmünde ykrar edilýär.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......