Türkmenistanda 200-den gowrak köp çagaly enä «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy

  • 08.03.2026 22:08
  • 6.4k+

Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde berlen maglumatlara görä, sylaglar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça gowşuryldy.

THP-niň belleýşi ýaly, 2026-njy ýylda ýurduň ýaşaýjylarynyň 200-den gowragy bu ada mynasyp boldy. Hormatly ada eýe bolanlara döşe dakylýan nyşanlar gowşuryldy.

«Ene mähri» adyna mynasyp bolan zenanlar üçin birnäçe durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulandyr. Olaryň arasynda goşmaça tölegler hem-de çaga seretmek boýunça aýlyk kömek pullaryna we pensiýalaryna 30 göterim möçberinde goşmaça pullar bar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanda zenanlaryň mynasyp durmuşy we zähmeti üçin ähli şertleriň döredilýändigi, şeýle hem döwlet goldawynyň dürli çäreleriniň amala aşyrylýandygy bellenildi. Bu bolsa olaryň ýurduň jemgyýetçilik we jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam edýär.

Sylaglama dabarasynda hormatly ada eýe bolan eneler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa öz minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Dabaralar Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, baýramyň öňüsyrasynda ýurduň ähli zenanlaryna — kärhanalaryň we guramalaryň işgärlerine, pensiýadaky enelere, talyp gyzlara, mekdep okuwçylaryna we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýänlere döwlet Baştutanynyň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabaralary we konsertler ýurduň ähli künjeklerinde geçirilýär.


01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.8k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......