Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

  • 26.04.2026 13:51
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Ýüzlenmede bu ýylky baýramçylygyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde döwlet derejesinde geçirilýändigi bellenilýär. Döwlet Baştutany halk seçgisi esasynda kemala gelen we milli mirasyň möhüm bölegi hasaplanýan ahalteke bedewleriniň ähmiýetini nygtady.

«Merdana halkymyzyň durmuşynda ganatly bedewlerimiziň tutýan orny aýratyn ähmiýete eýedir. Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr» – diýlip, gutlagda aýdylýar.

Döwlet Baştutany ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk medeniýetiniň iň naýbaşy tohumlarynyň biridigini aýdyp, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny belledi. Atyň keşbi halk nakyllarynda we däp-dessurlarynda hem öz beýanyny tapýar.

Halkara sirk festiwallarynyň birnäçe gezek baýraklaryna mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilip geçildi. Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurtda we daşary ýurtlarda birnäçe atçylyk hem-de atly sport çäreleriniň geçiriljekdigini mälim etdi.

Ýüzlenmede hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şol sanda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alyp barýan işleri barada durlup geçildi.

Tohumyň arassalygyny saklamak, ahalteke atlarynyň sanyny artdyrmak we atçylyk hem-de atly sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bellenildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......