Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

  • 26.04.2026 13:44
  • 4.3k+

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Dabaralara Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilleri we atşynas hünärmenler gatnaşdy.

Baýramçylygyň çäklerinde bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi, şeýle hem at çapyşyklarynyň we döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy.

Şeýle-de, dabarada Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.

Gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Hankerwen atly bedew boldy. Oňa «Toyota Fortuner» awtomobili, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Meleguş, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginde bolsa Gudratly atly bedewler ýeňiş gazandy. Ýeňijiler pudak edaralarynyň baýraklaryna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Pyýadanyň heýkeline, sungat eserleriniň, at enjamlarynyň we milli önümleriň sergisine tomaşa etdi.

Çäre medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanyna ýurduň bäş welaýatyndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de pudaklaýyn wekilleriň adyndan ahalteke bedewleri sowgat berildi.

Baýramçylyk maksatnamasy konsert we toý sadakasy bilen jemlendi.


düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......