«Inter Maýaminiň» eýesi: Messi klubda ýylda 80 million dollara çenli gazanýar

  • 08.03.2026 22:03
  • 6.1k+

Dünýä belli argentinaly hüjümçi Lionel Messi «Inter Maýami» amerikan futbol klubunda ýylda 70 milliondan 80 million dollara çenli alýar. Bu barada klubuň eýelerinden biri bolan Horhe Mas Bloomberg agentligine beren interwýusynda mälim etdi.

Mas dünýä derejesindäki hemaýatkärleriň zerurlygyny futbolçylaryň örän gymmatlygy bilen düşündirip, Messä tölenýän her bir sentiň özüni doly ödeýändigini aýratyn nygtady.

Messi 2023-nji ýylyň tomsundan bäri «Inter Maýaminiň» düzüminde çykyş edip gelýär we bu gysga wagtyň içinde topar eýýäm dört sany baýrak gazanmagy başardy. Olaryň arasynda klubuň taryhynda ilkinji gezek eýelenen Baş futbol ligasynyň (MLS) çempionlygy hem bar. Şeýle-de bolsa, Horhe Mas futbolçynyň şertnama gurluşynyň inçe detallaryny we klubuň oýunçy üçin sarp edýän umumy ýyllyk çykdajylaryny doly aýan etmedi.

Häzirki wagtda 38 ýaşyndaky Lionel Messi futbol taryhynda iň köp baýrakly oýunçy bolup, onuň hasabynda jemi 48 sany baýrak bar. Ol 2003-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Ispaniýanyň «Barselona» toparynda 10 gezek Ispaniýa çempiony, 7 gezek ýurduň Kubogynyň we 4 gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Soňra bolsa fransuz «Pari Sen-Žermen» toparynda hem çykyş etdi. Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempiony bolmagy we sekiz gezek «Altyn top» baýragyny eýelemegi Messiniň sport dünýäsindäki ornuny has-da berkidýär.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

23.05.2026 13:15
11k+

Bloomberg: Messi milliarder boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messiniň baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudan ýedi aý soň «Bloomberg Billionaires Index» sanawyna girdi....