Niderlandly zenanyň öýünden Rembrandtyň 35 sany asyl nusgadaky grawýurasy tapyldy

  • 09.03.2026 12:25
  • 5.7k+

Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer öz öýünden meşhur suratkeş Rembrandtyň goly bilen döredilen 35 sany asyl nusgadaky grawýurany tapdy. ArtNews neşiriniň habar bermegine görä, bu eserler dürli wagtlarda onuň atasy tarapyndan satyn alnypdyr.

Zenan bu tapyndyny COVID-19 pandemiýasy döwründe, öýüni tertibe salyp ýören wagty ýüze çykardy. Ol tahyllaryň birinden atasynyň haçandyr bir wagtlar satyn alan grawýuralaryndan ybarat bukjany tapdy. Eserleriň hakykylygyny anyklamak üçin Amsterdamdaky Rembrandtyň öý-muzeýiniň hünärmenlerine ýüz tutan Maýer geçirilen barlaglaryň we seljerme işleriniň netijesinde eserleriň 35-siniň hem hakykatdan-da Rembrandta degişlidigini bildi.

Şarlottanyň aýtmagyna görä, onuň atasy bu işleri takmynan 1900-1920-nji ýyllar aralygynda satyn alypdyr. Şol döwürler grafika eserleriniň häzirki ýaly gymmaty bolmansoň, olary aýap saklajagam bolman, tahyla oklap goýberipdirler.

Tapylan grawýuralaryň bir bölegini Şarlottanyň şahsy kolleksiýasyndaky beýleki eserler bilen bilelikde şäher muzeýinde sergilemek meýilleşdirilýär. Onuň ýygyndysynda diňe bir Rembrandtyň däl, eýsem onuň halypalarynyň, döwürdeşleriniň we şägirtleriniň  işleri-de bar.

Maýer tapylan eserleriň häzirki wagtda bazardaky nyrhy hakynda dil ýarmady.


şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 16:49
3.2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....