Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady

  • 09.03.2026 03:19
  • 8.8k+

Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bu barada TDH agentligi habar berdi.

Milli Lider, ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldýän gyzjagazlary we Merkeziň lukman gelin-gyzlaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Bu ýerde saglygyny dikeldýän çagalar özleriniň joşgunly çykyşlary bilen Milli Lidere minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurduň ähli gelin-gyzlaryny gutlap eden çykyşynda ýurtda belent ruhly, çeper elli zenanlaryň sarpasynyň belent tutulýandygy we olaryň zähmetine uly hormat goýulýandygy belläp, türkmen zenanlarynyň maşgala ojagynyň eýesi, wepaly ýanýoldaş we mähriban uýa hökmünde jemgyýetdäki ornunyň aýratyndygyny nygtady.

«Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär» diýip, ol gutlag sözünde belläp geçdi.

Ýurtda köp çagaly eneleriň yzygiderli goldanylýandygy, olara "Ene mähri" diýen hormatly adyň dakylyp, ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlarynyň gowşurylýandygy, şeýle-de zenanlara pul sowgatlarynyň gowşurylýandygy aýratyn bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowa Milli Lidere Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlag sözleri üçin ähli gelin-gyzlaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow lukmanlara we merkeziň ähli işgärlerine mundan beýläk-de üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan zenanlara we gyzjagazlara pul sowgatlary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......