Geçirilen pikirsoraşma ulag sürýän zenanlary iň köp alada goýýan zatlaryň nämedigini görkezdi

  • 09.03.2026 00:00
  • 7.3k+

Halkara zenanlar güni ulag sürýän zenanlaryň endikleriniň garaşylmadyk barlagyny geçirmäge sebäp boldy. "Awtostat" agentliginiň seljerijileri gündelik ulag sürenlerinde zenanlary iň köp biynjalyk edýän zatlaryň nämedigini anyklamak kararyna geldiler. Pikirsoraşmanyň netijeleri örän gyzykly boldy.

Olaryň esasy aladasy ulaglaryň hereketiniň ýygylygy ýa-da hatda çylşyrymly ýol çatryklary hem däl eken. Barlaga gatnaşyjylaryň tas ýarysy diýen ýaly, ýagny 45,5%-i iň gorkýan zatlarynyň ýolda barýarkalar ulagyň birden döwülmegidigini boýun aldylar. Şunuň ýaly ýagdaý köp sürüjiler üçin, esasanam, öýden uzakdakalar ýa-da nätanyş ýerdekäler ýüze çyksa, dartgynly bolýar.

Ikinji alada ýol-ulag hadysasyna uçramak gorkusy bolup durýar, pikir soralanlaryň 37,2%-i şuny aladany edýändiklerini aýtdylar. Sürüjilerde uly dartgynlylygy döredýän ýene bir ýagdaý - ulagy duralgada goýmak meselesi. Barlaga gatnaşanlaryň 25,7%-i awtoulag goýmak üçin ýer tapmakda we dar duralgalarda hereket etmekde kynçylyk çekýändigini habar berdiler.

Emma olaryň aladalary diňe bir ýoldaky hereket bilen çäklenmeýär. Pikir soralanlaryň takmynan 18%-i awtoulagyny abatladanda ýa-da hyzmat edilende aldanmakdan gorkýandygyny aýtdylar. Beýleki 11,8%-i ulagyň könelýän bölek şaýlaryny yzygiderli çalyşmagyň oňaýsyzlyk döredýändigini bellediler. Barlaga gatnaşyjylaryň 11,1%-i üçin möwsümleýin teker çalşyrmak goşmaça dartgynlylygyň çeşmesi bolup durýar.

Şeýle-de bolsa, barlag awtoulagly bolmagyň başga bir tarapyny hem açyp görkezdi. Pikirsoraşma gatnaşanlaryň dörtden bir bölegine golaýy, ýagny 23,5%-i ulagly bolmagyň olar üçin hiç hili çynlakaý kynçylyk ýa-da alada döretmeýändigini nygtadylar.

Umuman alanyňda, netijeler geň bir tendensiýany ýüze çykarýar: aladalaryň köpüsi sürüş prosesiniň özi bilen däl-de, ulagy ulanmagyň tehniki taraplary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem açyk-aýdyň hyzmat, düşnükli abatlaýyş işleri we döwrebap sürüjä kömek ulgamlary ulagy rahat we ynamly sürmekde barha möhüm orny eýeleýär.


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:27
3.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......