Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapyndan ilkinji suratlary ugradyp başlady

  • 09.03.2026 00:37
  • 3.4k+

Solar Orbiter kosmos apparaty Günüň arka tarapynyň — Ýerden synlap bolmaýan sebitiniň şekillerini ugradyp başlady.

Suratlar alymlaryň apparatyň orbitasyna esaslanyp, öňünden çaklan möhletlerinde gelip gowuşdy. Häzirki wagtda görüş burçy heniz 180 gradusa ýetmedik hem bolsa, alnan şekilleriň sag tarapynyň takmynan üçden iki bölegi eýýäm Ýerdäki teleskoplardan gizlin duran Gün sebitini görkezýär. Apparat Günüň garşydaky tarapyny mart aýynyň 20-sinden soň, ýagny orbitadaky ýagdaýy şol bölegi dolulygyyna diýen ýaly synlamaga mümkinçilik berende görüp biler.

Gözlegleriň garaşylmadyk netijeleriniň biri bolsa, Gün işjeňliginiň tas bütinleý diýen ýaly ýoklugydyr. Günüň görünýän ýüzünde o diýen işjeň zolaklar ýüze çykarylmady.

Alymlaryň bellemegine görä, martyň ikinji ýarymynda Günüň şu asuda bölegi Ýere tarap öwrüler. Şonda synçylar Günüň iň pes işjeňlikdäki ýagdaýyny görüp bilerler. Bu bolsa Günüň aýlawlaryny we onuň Ýerdäki aragatnaşyk ulgamlaryna täsirini öwrenmek üçin möhüm ylmy maglumatdyr.


07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.9k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

30.05.2026 01:11
1.5k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......