YouTube öz goşundysynda şahsy habarlaşyk ulgamyny gaýtadan dikeldýär

  • 09.03.2026 10:45
  • 941

YouTube platformasy özüniň ykjam goşundysynda ulanyjylaryň biri-biri bilen göni habarlaşmagyna mümkinçilik berýän şahsy habarlaşyk funksiýasyny täzeden synagdan geçirip başlady. Bu täzelik häzirki wagtda Ýewropanyň 31 döwletinde elýeterlidir.

Aslynda bu hyzmat ilkinji gezek 2017-nji ýylda hödürlenip, iki ýyldan soň ýapylypdy. 2025-nji ýylyň noýabryndan başlap bolsa, Polşa we Irlandiýa ýaly ýurtlarda synag hökmünde dikeldildi we kem-kemden beýleki ýewropa ýurtlaryna hem ýaýradyldy.

Şonuň bilen birlikde, YouTube dekabr aýynda ulanyjylaryň 2025-nji ýyldaky işjeňligini seljerýän 12 sany maglumat kartyndan ybarat bolan «Recap» («Ýylyň jemleri») hasabatyny hödürledi. Bu hasabatda ulanyjylar özleriniň iň köp tomaşa eden kanallaryny, üýtgän endiklerini we saz gyzyklanmalaryny görüp bildiler.

Platformanyň ýene bir möhüm täzeligi bolsa, ýanwar aýynda yglan edilen ata-eneler üçin gözegçilik ulgamydyr. Olar bu ulgam arkaly çagalarynyň Shorts diýlip atlandyrylýan gysga wideolary tomaşa etmek wagtyna 15 minutdan 2 sagada çenli günlük çäklendirme goýup ýa-da bu formaty tutuşlygyna petikläp bilýärler.


25.06.2026 14:59
7.2k+

Ýewropada yssy howa howply derejä ýetdi. Munuň sebäbi näme?

Günbatar Ýewropa ýurtlaryny gurşap alan anomal yssy dowam edýär. Meteorologlaryň we klimatologlaryň Euronews-e beren maglumatlaryna görä, bu temperatura rekordlary «El-Nino» hadysasy bilen däl-de, ilkinji......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

14.06.2026 14:04
3.8k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....