Bill Geýts täze görnüşli «Natrium» atom stansiýasyny gurmaga rugsat aldy

  • 08.03.2026 18:02
  • 6.4k+

ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi.

Rugsat kuwwaty 345 megawat boljak «Kemmerer Unit 1» energiýa bloguna degişlidir. Reaktor sowatmak üçin adaty suwuň ýerine suwuk natrini ulanar. Onuň Kemerer şäherindäki kömür elektrik stansiýasynyň golaýyndaky gurluşyk işlerine ýakyn hepdelerde başlamak göz öňünde tutulýar.

Taslama laýyklykda desga iki bölümden ybarat bolup, olaryň birinde natriý sowadyjyly çalt reaktor, beýlekisinde bolsa, erän duzlara esaslanýan energiýa saklaýjy ulgam ýerleşer. Bu tehnologiýa stansiýanyň gysga wagtlyk kuwwatyny 500 megawata çenli artdyrmaga şert döreder.

Aslynda desganyň gurluşygy 2031-nji ýyldan öň tamamlanmaz. Häzirki berlen rugsat diňe gurluşyk işleri üçindir. Ulanmak babatdaky rugsatnamany almak hem belli bir wagta çenli garaşmagy talap eder. Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy taslamanyň tehniki barlagyny meýilleşdirilen 27 aýyň ýerine 18 aýda tamamlady we geçirilen seljerme netijesinde radiasiýa howpunyň ýokdugy anyklanyldy. Şeýle-de bolsa alymlar arasynda mümkin bolan töwekgelçilikleriň ýeterlik derejede çuňňur öwrenilmändigini belleýänleri-de bar.

Federal hökümetiň we ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2 milliard dollara çenli goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslama öz wagtynda tamamlansa, Kemererdäki stansiýa ABŞ-da täze nesil senagat AES-leriniň ilkinjisi bolar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....