Chevrolet Colorado ZR2 pikapy tekerleriniň ýelini düwmä bir gezek basylanda awtomatiki usulda goýberýär

  • 08.03.2026 18:40
  • 3.5k+

Wnedorožnik asfaltdan guma ýa-da daşly ýere düşende tejribeli sürüjiler, adatça, ilki bilen tekerlerdäki basyşy goýberýärler. Bu ulagy çarkandakly ýerlerden sürmegi halaýan sürüjileriň arasynda uzak wagtdan bäri ulanylyp gelýän tejribe: bu tekerleriň ýoluň üsti bilen galtaşýan ýerini artdyrýar, şinalar ýumşaşýar we topraga has gowy “ýapyşmagyny” üpjün edýär. Bu prosedura indi bölekleýin awtomatlaşdyryldy.

Chevrolet kompaniýasy Air Down Mode ulgamy bilen üpjün edilen täzelenen Colorado ZR2 pikap awtoulagy bilen tanyşdyrdy. Bu ulgam awtoulagyň multimediýa ulgamy arkaly şinalaryň basyşyny gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Sürüji islenýän basyş derejesini kesgitleýär, şondan soň elektronika awtoulagy gumaksy, daşlyk ýa-da palçyk ýerlerde sürmäge taýýarlaýar.

Ulag adaty ýol şertlerine gaýdyp gelenden soň, şinalaryň basyşyny elde standart derejä getirmeli.

Pikapyň özi agyr çarkandakly ýerlerde sürmek üçin ýörite döredilen. Onuň uzynlygy takmynan 5,4 metr, ini bolsa 1,94 metr. ZR2 wersiýasynyň asma ulgamy, standart modellere garanyňda, takmynan, 8 santimetr ýokary galdyryldy we ýerden beýikligi tas 27 santimetre ýetýär. Ulagyň ähli tigirli hereketlendiriji, öň we yz taraplary gulplanýan differensiallar bilen üpjün edilen.

Awtoulag 17 dýuýmlyk tekerler, 33 dýuýmlyk Goodyear Wrangler Territory Mud-Terrain wnedorožnik şinalary, aşagy alýumin goragy we güýçlendirilen bosagalar bilen üpjün edilen.

Salonda 11 dýuýmlyk sanly gurallar paneli we Google hyzmatlary bolan 11,3 dýuýmlyk multimediýa ekrany bar.

Kapotyň aşagynda 314 at güýjüni we 583 Hm çekijiligi öndürýän 2,7 litrlik turbirlenen TurboMax hereketlendirijisi ýerleşýär. Ol sekiz tizlikli awtomatiki geçiriji bilen birleşdirilen. Pikap 6700 funta çenli ýükli tirkegi çekip bilýär.

Ýewropada Chevrolet Colorado ZR2-niň bahasy takmynan 88 müň ýewrodan başlaýar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....