Chupa Chups daşyny açyp bolmaýan, otda ýakyp bolmaýan süýji hödürleýär

  • 08.03.2026 10:05
  • 4.8k+

Dünýä belli Chupa Chups brendi açylmasy diýseň kyn bolan, täsin we adaty bolmadyk üýtgeşik süýjini hödürledi. Bu taslama brendiň täze we has aňsat açylýan gaplamasynyň mahabat kampaniýasynyň bir bölegi boldy. Ters düşünje arkaly amala aşyrylan bu taslama, adaty süýjiniň daşyny açmagyň hem nähili «kyn» bolup biljekdigini görkezmek üçin döredildi.

Creative Review neşiriniň habar bermegine görä, bu synag önümine «Chupa Chups Impossible» («Mümkin däl Chupa Chups») diýlip at berildi. Onuň gaplamasy häzirki zaman tehnologiýalarynda ýörgünli ulanylýan uglerod kompozitinden, kremniý karbidinden, aramid süýümleriniň hem-de suwuk rezin gatlagyndan ybaratdyr.

Kompaniýa bu gaplamanyň hatda ýiti byçga, oda we gidrawlik pressiň äpgirt güýjüne hem durnuklydygyny tassyklaýar.

Geň süýjiler çäkli mukdarda öndürilip, höwesjeň blogerlere iberildi we olara gaplamany açmaga synanyşmak hem-de bu tejribäni köpçülige ýetirmek teklip edildi.

Mahabat kampaniýasyny döreden BBH London agentliginiň hünärmenleri täsin taslama hakda: «Bu bimany görünýän, emma iňňän oýlanyşykly edilen işleriň biridir. Munuň üsti bilen, käwagt iň dogry jogaby edilmeli zady tep-tersine etmek arkaly hem tapyp bolýandygyny görmek bolýar» diýip belleýärler.


düýn 23:59
4.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

07.06.2026 10:00
3.8k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

22.05.2026 00:05
5k+

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......