Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

  • şu gün 00:05
  • 1.5k+

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen esasy mifini ýalana çykardy. Ýewrostatyň hasabatlaryna görä, Islandiýanyň ykdysady ösüş depgini 2025-nji ýylda iri Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyndan öňe geçdi.

Resmi maglumatlara görä, iş wagtynyň uly möçberde azaldylandygyna garamazdan, Islandiýanyň ykdysadyýeti diňe bir pese gaçmady, gaýtam 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1,3% ösdi. 2026-njy ýylda seljerijiler JIÖ-niň ösüşiniň, hatda 3%-e çenli çaltlaşjakdygyny çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň işsizlik derejesi Ýewropa sebitinde iň pes derejeleriň biri bolmagynda galýar.

Islandiýanyň ösüş depgini Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Şweýsariýa we Norwegiýa ýaly iri, ösen ykdysadyýetleriň görkezijilerinden öňe geçdi.

Islandiýanyň modeliniň özeni şulardan ybarat boldy:

Metbugat köplenç muny "kanuny taýdan dört günlük iş hepdesine geçiş" ýaly ýazýar, ýöne hakyky mehanizminiň gurluşy has inçe. Bu özgerme kärdeşler arkalaşyklary bilen iş beriji birleşikleriniň arasyndaky giňişleýin gepleşikleriň netijesi boldy.

Häzirki wagtda Islandiýanyň işleýän ilatynyň 86%-den gowragy ýa eýýäm gysgaldylan iş wagtyna geçdi, ýa-da kanuny taýdan şeýle etmäge hukuk aldy. Täze model boýunça:

  • Iş hepdesi 40 sagatdan 35-36 sagada çenli azaldyldy.
  • Işgärleriň aýlyklary doly möçberde saklanyp galdy.
  • Iş wagtlaryny paýlamagyň formaty çeýeligine galdy:

Käbir kompaniýalar hakykatdanam 4 günlük iş hepdesine geçdiler, beýlekileri bolsa 5 günlük iş hepdesini saklamagy, ýöne gündelik çalşyklaryň dowamlylygyny azaltmagy makul bildiler.

Täze ulgama geçilmezden öň, 2015-nji we 2019-njy ýyllar aralygynda Reýkýawik şäher häkimligi we ýurduň hökümeti tarapyndan gurnalan iki gözegçilikli synag taslamasy amala aşyryldy. Bu taslamalara 2500-den gowrak adam (Islandiýanyň umumy işleýän ilatynyň takmynan 1%-i) gatnaşdy. Synaglaryň özboluşly aýratynlygy, olaryň diňe bir ofis ulgamyny däl, eýsem “öň hatardaky” guramalary: hassahanalary, mekdepleri, çagalar baglaryny, sosial hyzmatlary we polisiýany hem öz içine almagy boldy.

Britaniýanyň Autonomy seljerme beriş merkezi we Islandiýanyň Alda (Durnukly Demokratiýa Assosiasiýasy) assosiasiýasy tarapyndan geçirilen netije seljermesi şeýle boldy:

Ýadawlygyň azalmagy: Işgärleriň arasyndaky stress derejesi ep-esli azaldy.

Durmuş bilen işiň deňagramlylygy: Gatnaşyjylar fiziki we ruhy saglygyň gowulaşandygyny, şeýle hem maşgalasyna we şahsy gyzyklanmalaryna wagtlarynyň galýandygyny habar berdiler.

Prosesleriň netijeliligi: Işiň netijeliligini saklamak üçin kompaniýalar ýygnaklaryň wagtyny azaltmak, gaýtalanýan işleri aradan aýyrmak we iş wagtynda ünsüň jemlenmegini artdyrmak arkaly içerki logistikany optimizirlediler.

Islandiýa reformasynyň üstünligi ýaş hünärmenleriň, esasanam Z nesliniň hünärmenleriniň garaşylýan garaýyşlaryndaky tektoniki üýtgeşme bilen gabat geldi. Dünýäniň dürli künjegindäki ýaş işçiler "aşa köp işlemek medeniýetini" köpçülikleýin ret edýärler we ruhy abadançylygy ileri tutýarlar.

Islandiýa işgärleriň şahsy wagtyna hormat goýmagyň korporatiw girdejini azaltmaýandygyny iş ýüzünde subut etdi. Tersine, has gowy dynç alan işgärler iş berijilerine has ýokary gatnaşygy we wepalylygyny görkezýärler.


düýn 19:58
4.6k+

Alymlar goşmaça ukynyň ukusyzlykdan ýeten zyýanyň öwezini dolup biljegini-bilmejegini anykladylar

Alymlar ukusyz gijeden soň goşmaça uklamagyň ukusyzlygyň täsirini bölekleýin gowşadyp biler, ýöne onuň ýetiren zyýanynyň öwezini doly dolduryp bilmez diýen netijä geldiler. Nature Communications žurnalynda çap......

20.05.2026 20:02
2.5k+

Internetdäki ýalňyzlyk: smartfonlar we sosial torlar nädip dogluş derejesini peseltdi

Dünýäniň 195 ýurdunyň üçden ikisinden gowragynda dogluş derejesi ilatyň ýönekeý köpeliş çäginden (bir zenana 2,1 çaga) aşak düşdi. Şol bir wagtda 66 döwletde bu görkeziji eýýäm bir çaga çenli azaldy.......

20.05.2026 10:19
1.4k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 12:17
3.8k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....