Týorneriň kartinasy 200 ýyldan soň ilkinji gezek köpçülige görkeziler

  • 08.03.2026 18:34
  • 4k+

Britaniýaly suratkeş Uilliam Týorneriň ilkinji işleriniň biri iki asyryň dowamynda ilkinji gezek köpçülige görkeziler. "Abergawenni köprüsi" (1798) atly akwarel bilen çekilen kartinasy suratkeşiň doglan gününiň 250 ýyllygy mynasybetli Gainsborough’s House muzeýindäki sergide görkeziler.

Sergi 25-nji aprelde açylar.

Týorner şu işi bilen 24 ýaşynda Korollyk Akademiýasynyň iň ýaş assossirlenen agzasy bolupdy. Ilkinji sergisinden soň, kartinany meşhur portretçi Tomas Lorens satyn alypdy. Şondan bäri akwarel iş hususy kolleksiýalarda galyp, köpçülige görkezilmedi.

Häzirki eýesi bu eseri 1992-nji ýylda 71 500 funt sterlinge satyn aldy we ony ilkinji gezek muzeýe köpçülige görkezmek üçin bermäge razy boldy.

Kartina suratkeşiň Uels boýunça alty hepdelik syýahaty mahalynda döredildi. Bu eser Týorneriň tebigy atmosferany reňkler bilen bermäge bolan irki gyzyklanmasyny açyp görkezýär. Suratkeşi goldaýan peýzaž suratkeşi we akademik Jozef Farington öz gündeliginde ýagyşly tomsuň Týornere zerur atmosfera täsirlerini synlamaga kömek edendigini ýazypdyr.

Ýagşy, ýagtylygy we dumany reňkler bilen beýan edip bilmegi soňra onuň nakgaşlyk işleriniň häsiýetli aýratynlygyna öwrülipdir.

 


şu gün 08:53
2.4k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.3k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....