Rassel «Formula-1-iň» ilkinji tapgyrynda ýeňiji bolup, «Mersedese» goşa ýeňiş getirdi

  • 08.03.2026 15:59
  • 1.9k+

«Mersedes» toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassel «Formula-1» awtoýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tapgyry bolan Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji orny onuň topardaşy, italiýaly Andrea Kimi Antonelli eýeledi. Üçünji bolup pellehana «Ferrari» toparynyň wekili Şarl Lekler geldi.

Dünýäniň ýedi gezekki çempiony, «Ferraride» çykyş edýän britaniýaly Lýuis Hemilton ýaryşy münberden bir ädim yzda tamamlady. «Formula-1-iň» häzirki çempiony, «Maklaren» toparynyň sürüjisi britaniýaly Lando Norris bäşinji orny eýeledi. «Red Bull» toparynyň sürüjisi, niderlandly Maks Werstappen saýlama ýaryşynda bolan heläkçilikden soň 20-nji orundan başlap, ýaryşy altynjy bolup tamamlady.

Ýaryşa gatnaşan 22 sürüjiniň 17-si pellehana ýetmegi başardy. Iki sürüji bolsa starta çykyp bilmedi. «Maklaren» toparyndan awstraliýaly Oskar Piastri ýaryşyň başlanýan ýerine barýan ýolda heläkçilige uçrady. «Audi» toparyndan germaniýaly Niko Hýulkenberg bolsa tehniki meseleler sebäpli ýaryşa gatnaşyp bilmedi.

Çempionatyň indiki ýaryşy 13–15-nji mart aralygynda Hytaýda geçiriler.


29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....