Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

  • 04.05.2026 14:40
  • 2k+

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir.

Ikinji orny «McLaren» toparyndan Lando Norris eýeledi, ol ýeňijiden 3,264 sekunt yza galdy. Üçünji bolup onuň topardaşy Oskar Piastri (27,092 sekunt yzda) pellehana geldi.

Möwsümiň dört tapgyryndan soň, Antonelli sürüjileriň umumy sanawynda öňe saýlandy. Mundan ozal 19 ýaşly italýan türgeni Hytaýyň we Ýaponiýanyň Gran-prilerinde hem ýeňiş gazanypdy. Ol 1953-nji ýyldan bäri yzygider birnäçe ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji italýan sürüjisidir.

Şol bir wagtyň özünde, geljekde «Formula-1-iň» ýene-de V8 hereketlendirijilerine dolanyp gelmeginiň mümkindigi mälim boldy. Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ýolbaşçysy Mohammed ben Sulaýemiň aýtmagyna görä, bu ýagdaý 2031-nji ýyldan gijä galman bolup biler.

Häzirki hereket edýän düzgünlere görä, 2026-njy ýyldan bäri 1,6 litrlik V6 turbo-gibrid hereketlendirijileri ulanylýar. Bu ýerde kuwwatlylyk benzin motory bilen elektrik hereketlendirijisiniň arasynda paýlanýar.

Ben Sulaýemiň aýtmagyna görä, V8 hereketlendirijileriniň gurluşy has ýönekeý, agramy ýeňil we sesi has gaty çykýar.

2030-njy ýyla çenli V8 hereketlendirijilerine geçmek üçin alty sany öndürijiniň dördüsiniň razylygy gerek. Eger bu razylyk alynmasa, federasiýa 2031-nji ýylda düzgünnamany özbaşdak üýtgedip biler.

V8 hereketlendirijileri 2006-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli «Formula-1-de» ulanylypdy, soňra olar has ýuwaş sesli gibrid V6 bilen çalşyryldy.


09.06.2026 07:51
4.4k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....