Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynda kimleriň tutluşjakdygy belli boldy

  • 08.03.2026 13:24
  • 13k+

Şu tomusda taryhda ilkinji gezek UFC ýaryşy Ak tamyň çäginde geçiriler. Indi ýaryşyň doly sanawy hem mälim boldy — guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt UFC 326 ýaryşynyň dowamynda resmi duşuşyklary yglan etdi.

Agşamyň esasy wakasy ýeňil agramda çempionlyk guşagy ugrunda Iliýa Topuriýa bilen Jastin Getjiniň arasyndaky tutluşyk bolar. Bu söweş eýýämden diwizionyň iň garaşylýan duşuşyklarynyň biri hasaplanýar: söweşijileriň ikisi hem agras stili we möhletinden öň gazanýan ýeňişleri bilen tanalýar.

Esasy tutluşygyň öňüsyrasynda bolsa agyr agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrunda söweş bolar. Oktagona öňki çempion Aleks Pereýra we fransiýaly agyr agramly pälwany Siril Gan çykar.

Ýaryşyň doly sanawy:

  • Iliýa Topuriýa — Jastin Getji (Ýeňil agramda çempionlyk söweşi)
  • Aleks Pereýra — Siril Gan (Agyr agramda wagtlaýyn guşak ugrundaky söweş)
  • Şon O'Melli — Aýmann Zahabi
  • Maurisio Ruffi — Maýkl Çendler
  • Bo Nikal — Kaýl Dakas
  • Diego Lopes — Stiw Garsiýa

Ýaryşy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlap, 14-nji iýunda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu sene ýurduň häzirki Prezidenti Donald Trampyň şahsy baýramy — onuň 80 ýaşyny doldurjak ýubileý güni bilen hem gabat gelýär.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......