Mercedes V12 hereketlendirijisi bilen bary-ýogy 50 sany kaşaň Maybach sedanyny çykarar

  • 08.03.2026 08:56
  • 4.6k+

Mercedes-Benz kompaniýasy kaşaň sedanyň çäkli mukdardaky görnüşini — Mercedes-Maybach S 680 V12 Edition modelini hödürledi. Bu awtomobil taryhy Maybach Zeppelin modeline hormat hökmünde döredildi we dünýä bazary üçin bary-ýogy 50 nusgada öndüriler.

Awtomobilleriň bir bölegi Ýaponiýa iberiler, ol ýerde diňe bäş sany ulagy satmak meýilleşdirilýär. Sanynyň juda çäkli bolmagy sebäpli, öndüriji satyn almak hukugyny lotereýa arkaly paýlap biler.

Ulagyň kuzowy iki reňkli görnüşde boldy: ýokarky bölegi «Manufaktur Olive», aşaky bölegi bolsa «Obsidian Black» öwüşgininde ýerine ýetirildi. Kuzow kümüşsöw bezeg çyzyklary we Maybach-yň 20 dýuýmlyk tigirleri bilen bezeldi. Her bir ulagy reňklemek üçin on gün diýen ýaly wagt sarp edilýär — bu adaty modelleri reňklemekden iki esse köp wagtdyr. Şeýle-de, bezeg işlerinde 24 karatlyk altyndan bölekler ulanylýar.

Awtomobiliň salony «Manufaktur Saddle Brown» we «Black» reňkli iki öwüşginli Nappa derisi bilen bezeldi. Kelle goýulýan ýerlerde altyn reňkli Maybach nyşanlary ýerleşdirildi. Şeýle-de, salonyň içinde awtomobiliň hususy belgisi goýlan ýörite tagtajyk oturdyldy.

Model 621 at güýjüne we 900 Nm aýlanma güýjüne eýe bolan, goşa turbinaly 6 litrlik V12 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň 97 km/s çenli bat almagy üçin 4,3 sekunt töweregi wagt gerek.

Awtomobiliň bahasy, takmynan, 53,99 million ýenadan — takmynan, 343 müň dollardan başlanýar.


düýn 12:20
2.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....